Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar

Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar

Daşoguz we Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça bäsleşik yglan edýär. Degişli bäsleşik baradaky bildiriş Türkmenistan gazetinde çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-45-55, 44-46-64.

Ýene degişli makalalar

Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi
Antalýalylar Türkiýäniň Ýerli we Milli Ulagyna Uly Gyzyklanma Görkezdi
Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti açyk bäsleşik yglan edýär
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Türkmenistan milli haly baýramçylygy bellenildi, tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär, Ärdogan Türkiýäniň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar
Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi