Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

76-njy Halkara Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan Altyn palma şahasyna fransuz režissýory Žýustin Triýeniň Gaçyş traýektoriýasy atly filmi mynasyp boldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Sylag gowşurylyş dabarasynda Triýe bu filmi döretmek üçin 15 ýyl sarp edendigini gürrüň berdi. Ol baýragy heniz öz filmini surata düşürmäge ýetişmedik ýaş kärdeşlerine bagyşlaýandygyny aýtdy.

Festiwalyň Gran-pri baýragyna Jonatan Gleýzeriň Gyzyklanmalar zolagy diýen filmi mynasyp boldy. Ýapon režissýory Aki Kaurismýakiniň Tänen ýapraklar filmi eminler toparynyň baýragyny aldy.

Iň oňat aktýor diýlip, režissýor Wim Wendersiň Ajaýyp günler filminde çykyş eden aktýor Kodzi Ýakuse yglan edildi. Iň oňat zenan keşbi üçin baýraga türk režissýory Nuri Bilge Jeýlanyň Gury ot barada filminde çykyş edýän türk aktrisasy Merwe Dizdar mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistan milli haly baýramçylygy bellenildi, tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär, Ärdogan Türkiýäniň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar
Ýewropanyň iň gowulary saýlanar
16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
“Gulliweriň syýahaty” neşir edilýär
Bristol uniwersitetiniň inženerleri robot-siňek döretdiler