Ýewropanyň iň gowulary saýlanar

Ýewropa film akademiýasy tarapyndan berilýän Ýewropa film baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. 36-njy gezek gowşuryljak baýraklarda angliýaly Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) hem-de fin režissýory Aki Kaurismäkiniň Dökülen ýapraklar” (Fallen Leaves) kinolary 5 ugurdan dalaşgärlige hödürlendi. Ýylyň öňe saýlanýan başga kinosy, fransiýaly zenan režissýor Žustin Trieniň Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomy of a Fall) filmi-de 4 ugur boýunça dalaşgär görkezildi.

Germaniýaly meşhur aktrisa Sandra Hüller 2 dürli filmdäki (“Ýykylmagyň anatomiýasy”, “Gyzyklanma zolagy”) keşbi üçin iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgärlige hödürlenmegi aýratyn bellärliklidir.

Iň gowy film ugrunda Žustin Trieniň “Ýykylmagyň anatomiýasy”, Aki Kaurismäkiniň “Dökülen ýapraklar”, Agnieşka Hollandyň “Ýaşyl araçäk”, Matteo Garroneniň “Men kapitan” hem-de Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” filmleri dalaşgär görkezildi. Iň gowy film baýragyna dalaşgär ekran eserlerini surata düşürenler iň gowy režissýor baýragyna-da hödürlendi.

36-njy Ýewropa film baýraklarynyň ýeňijileri 9-njy dekabrda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçiriljek dabarada mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistan milli haly baýramçylygy bellenildi, tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär, Ärdogan Türkiýäniň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar
Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler