Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti açyk bäsleşik yglan edýär

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti açyk bäsleşik yglan edýär

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti açyk bäsleşik yglan edýär

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgam esasda ýola goýmak boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda açyk bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän edara-kärhanalar, hususy taraplar açyk bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalary Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 7-nji jaýynda ýerleşýän Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyrmalydyrylar.

Tabşyrylmaly resminamalaryň arasynda gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň hukuk esaslaryny görkezýän resminamany, bank rekwiziti baradaky maglumaty, hasaba alyş belgisini, ynanç hatynyň we pasportynyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar tehniki talaplara ýöriteleşendigi baradaky loty we bäsleşik üçin resminamalaryň paketini almalydyr. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplar arza bilen birlikde 2012 manat 50 teňňe möçberde (şeýle hem 262 manat 50 teňňe bank salgydy) töleg geçendigi baradaky töleg kagyzyny görkezmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň tekliplerine şu bank tölegleri Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bank hasabyna geçirilen ýagdaýda serediler.

Ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da şeýle zonada bank hasaby bolan kompaniýalaryň bu bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigini ýatladýarys.Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplar öz resminamalaryny tehniki we işewürlik teklipleri bilen iki paketde tabşyrmalydyrlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň resminamalary 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binasynyň 55-nji otagynda (27-nji marta çenli) kabul edilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanly mugallymlardan çagalar sagaldyş merkezlerine ýollanmalary satyn almak üçin’ pul ýygnalýar
GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR
Demirýol pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Daşoguzda otly petekleri döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada satylýar’
Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
Türkmenistan Tähranda geçirilen YHG-niň Demirýol edaralarynyň mejlisine gatnaşdy