Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler

Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler

Aýbölek mebel kärhanasy häzirki wagtda Gorjaw geňeşliginiň çäginde gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri üçin köp sanly mebel önümlerini taýýarlamaga girişdi.

Kärhananyň mebelleri bu ýerde gurulýan bir orta mekdebe hem-de dört sany çagalar bagyna ornaşdyrylar. Täze mekdep üçin kärhana tarapyndan partalar, oturgyçlar, kitap tekjeleri, stellažlar ýaly 27 dürli mebel görnüşleriniň jemi 1920 sanysy öndüriler.

Çagalar bagynyň her biri üçin bolsa 30 dürli görnüşde mebeller, ýa-da her bina üçin 1302 sany mebel taýýarlanylar.

Aýbölek mebel kärhanasynyň önümleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giň meşhurlyga eýe bolup, oňa diňe bir çagalar baglarynda ýa-da mekdeplerde däl-de, eýsem, saglygy goraýyş edaralarynda, kärhanalaryň we guramalaryň ofislerinde, şeýle-de raýatlaryň öýlerinde gabat gelmek bolýar. Aýbölek mebelleri, ilkinji nobatda, amatly bahasynyň ýokary hilli materialy bilen utgaşykly bolmagy, şeýle hem gurnalyşy babatda köplere mälimdir.

Aýbölek mebel önümleri bilen has giňişleýin tanyşmak üçin kärhananyň şu salgyda ýerleşýän dükanyna ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aýbölek kärhanasynda öndürilen mekdep partalary we synp tagtalary Gazagystana iberiler
Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy