Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer

Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer

Täze öýüň ýa-da ofisiň mebelleri könelen ýa-da bezeg döwrebaplygyny ýitirýän bolsa, mebeli täzelemek üçin bolsa köp çykdajy etmäge harajat bolmadyk ýagdaýynda iň oňat çözgüt mebelleriň haýsydyr biriniň ýerine täze mebel almakdyr.

Amatly bahadan hödürlenilýän žurnal stoly hem bu ugurda ýerlikli mebel bolup, ony öz islegiňize görä sargyt etmek bolsa otagyňyzy ölçegine laýyk bezemekdir.

Aýbölek mebel kärhanasy dürli dizaýnerlik ölçeglerine laýyk gelýän görnüşde we dürli hili maksatlar üçin žurnal stollaryny işläp taýýarlaýar.

Aýbölek dükanynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu günki günde bezegleriň hatarynda iň isleg bildirilýäni transformer-stollardyr. Bu uly bolmadyk stollar duran ýerinde birneme hereketlendirilip, başga bir wezipäni ýerine ýetirip bilýän iş ýa-da nahar stoluna öwrülýär. Bu hili stildäki stollar daryşgan otaglar üçin has laýyk geler.

Islendik bezeg ölçeginde we dürli materiallardan (agaç, aýna, plastik we metal) žurnal stollaryny taýýarlamak kärhananyň hünärmenleriniň elinden gelýär.

Aýbölek mebel kärhanasynyň 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň mebel önümçilik pudagynda hereket edip gelýändigini bellemek gerek. Bu ýyllarda kärhana önümçilik tejribesini ýokarlandyrmak bilen, ýaşaýyş jaýlary, ofisler we döwlet edaralary üçin dürli mebel toplumlaryny taýýarlady.

Öz islegiňe laýyk gelýän taslamalar boýunça mebel ýasatmak materiallary, dizaýny saýlamaga, şeýle hem onuň aýratynlyklary bilen öňünden tanyş bolmaga we öýüň gerekli meýdanyny ýerlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Aýbölek dükanyndan söwda etmek ýa-da mebel sargyt etmek üçin şu salga baryp bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Aýbölek kärhanasynyň hünärmenleri sargyt edijileriň isleglerine laýyk gelýän aşhana mebellerini taýýarlaýarlar