Ahal we Şagadam toparlary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar

Ahal we Şagadam toparlary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar

Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça 34-nji çempionaty badalga aldy.Paýtagtymyzdaky Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda Ahal bilen Köpetdag toparlary, Türkmenbaşy şäherinde bolsa Şagadam bilen Nebitçi toparlary duşuşdylar.

Däp bolşy ýaly, bu duşuşyklaryň öňüsyrasynda täze milli çempionatyň başlanmagynyň şanyna stadionlarda Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy. 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji goly Aşgabatda geçirildi.Ony 33-nji minutda Ahal toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew geçirdi.

Ol garşydaşyň jerime meýdançasynda topy kabul edip, goragçynyň ýanyndan geçip, 14 metrden sag aýagy bilen pesden uzakdaky çep burça takyk urgyny ýerine ýetirdi. 4 minutdan soň Oraz Orazow toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. 45-nji minutda bolsa Islam Annamyradow Köpetdag toparynyň derwezesine üçünji pökgini girizdi we 3:0 hasabynda Ahal toparynyň peýdasyna toparlar arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri hasaby saklamak bilen çäklenmän, üstünliklerini dowam etdirdiler. 56-njy minutda Hakmuhammet Bäşimow hasaby 4:0-a ýetirdi, 76-njy minutda Köpetdag toparynyň futbolçysy Mekan Amannyýazow bir gol geçirdi. 78-nji we 86-njy minutlarda meýdança eýeleriniň goragçysy Ruslan Priýew iki sany sary kart aldy.

Emma bu Ahal toparyna ýene bir gol geçirmegine päsgel bermedi, Ýakupmuhamet Bäşimow ony 89-njy minutda geçirdi we hasaby 5:1 etdi.Türkmenbaşy şäherinde geçirilen beýleki duşuşykda bolsa, geçen möwsümde ýaryş sanawynyň dördünji ornundaky Şagadam we bäşinji orny eýelän Nebitçi toparlary duşuşdylar.

Balkanabatlylar täze möwsümiň öňüsyrasynda Ahal toparyndan tejribeli futbolçylary Elman Tagaýewi, Alibek Abdurahmanowy, Gurban Annaýewi we Begenç Mamiýewi düzümine goşdylar. Şeýle-de bolsa, bu olaryň ilkinji duşuşykda ýeňlişden halas etmedi.

Duşuşygyň ykbaly ikinji ýarymda bellenen jerime urgusy bilen çözüldi.FIFA-nyň emini Resul Mamedow Nebitçi toparynyň jerime meýdançasynda Ýagşysähet Döwletgeldiýewi ýykandygy sebäpli 11 metrlik jerime urgyny belledi. 59-njy minutda Serdar Guliýew jerime urgysyny üstünlikli ýerine ýetirip, topy derwezäniň sag burçuna gönükdirdi.

Netijede, Şagadam topary täze baş tälimçi Maksat Şamyradowyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň çempionatyna ýeňiş bilen başlady.Maksat Şamyradow tälimçilik köprüsinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniň ornuny tutdy.

Bu duşuşykda emin jemi 10 sany sary kart görkezdi: 4-si öý eýelerine, 6-sy myhman toparyna.Birinji tapgyr Arkadag Merw toparlarynyň hem-de Altyn asyr Aşgabat toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar. Ýatladyp geçsek, milli çempionatyň medallary ugrunda dört tapgyrda sekiz topar bäsleşýärler. Üç topar Altyn asyr, Aşgabat we Köpetdag paýtagtymyza wekilçilik edýärler.

Balkanabadyň Nebitçi we Türkmenbaşynyň Şagadam toparlary Balkan welaýatyna, Ahal topary Ahal welaýatyna, Merw topary Mary welaýatyna we Türkmenistanyň häzirki çempiony Arkadag topary döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýärler.

Ýene degişli makalalar

3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy