Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda Gökdepe etrabynda iş saparynda boldy we Gorjaw geňeşliginde Ahal sebitiniň dolandyryş merkezini ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.
1 of 9
TDH-nyň habar bermegine görä, täze dolandyryş merkezinde ýaşaýayş jaýlaryny, baýdak sütüni meýdançasyny, häkimligiň we beýleki eadaralaryň binalaryny, şeýle-de Ruhyýet köşgüni, welaýat bilim we medeniýet müdirlikleriniň, drama teatrynyň, kitaphananyň, ýokanç keselleri hassananasynyň, muzeýiň, Atçylyk boýunça ýokary halkara mekdebiniň we Atçylyk boýunça ylmy-ömünçilik merkeziniň jaýlaryny gurmak planlaşdyrylýar.
Bu merkez, telereportažyň kadrlaryna laýyklykda, atyň naly görnüşinde gurlar.
Täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ýaşaýayş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary gurlar we jemagat hojalygy gulluklarynyň işleri ýola goýlar.
Ikinji tapgyrda ilatly nokadyň ösüşini üpjün edýän dolandyryş bölümleriniň işi ugrukdyrylar.
Prezident deputatlara taslamalary ýerli ilat bilen maslahatlaşmagy, olaryň tekliplerini öwrenmegi we Ministrler kabinetiniň mejlisleriniň birinde bular barada özüne hasabat bermegi tabşyrdy.
“Wagtyň geçmegi bilen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi öz binagärlik keşbi boýunça ak mermerli paýtagtymyzdan pesde bolmaly däldir” diýip, TDH prezidenti sitirleýär.
TDH gurluşygyň möhletlerini we bahalaryny anyklaşdyrmaýar. Habar berilmegine görä, prezident “bu ägirt uly taslama uly möçberde maýa goýumlaryny talap eder, emma biziň döwletimiz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine örän batyrgaý we giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly ykdysady kuwwata we durnuklylyga eýedir” diýdi.
Belleýäris, prezidentiň beren görkezmelerini belläp alýan emeldarlaryň arasynda onuň ogly, daşary işler ministriniň orunbasary we parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedow hem bar, ol Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär.
l oktýabr aýynyň dowamynda eýýäm iki gezek döwlet baştutanynyň tabşyrymagynda guruljak täze obalaryň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy.
Ýatladýarys, başda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Aşgabat şäheri boldy, soňra ol aýratynlykdaky dolandyryş merkezine eýe boldy. Häzir Aşgbatdan 8 km uzaklykda ýerleşýän Änew şäheri welaýatyň paýtagty bolup durýar.
