Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşen jemgyýetiniň “Ussat awçy” kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Mergen” ýöriteleşdirilen hojalygynyň suwly ýerlerinde ilata hyzmatyň täze görnüşini balyk tutmagy teklip edýär.Bu ýerde indi ençeme ýyl bäri gury ýer zolagy bilen arasy bölünen emeli köller bar.
Olar Garagum derýasyndan gelýän suwaryş kanallarynyň jarlarynda kemala geldi.Emeli howdanlar ýigrimi ýyl töweregi mundan ozal ýabany haýwanlaryň seýrek duşýan görnüşlerini saklap galmak üçin Awçylar we balykçylar birleşen jemgyýetine berlen ýeriň bir bölegidir. Şu döwürde hojalygyň hünärmenleri güýçli aýaz wagty olary iým bilen üpjün edýärler we olaryň sanyna gözegçilik edýärler.
Häli-häzire çenli paýtagtdan 60 kilometrlikdäki bu ýerde tilkiler, ýekegapanlar, şagallar, möjekler, ýabany pişikler, nutriler gabat gerlýär.Güýz-gyş aýlary köle 20 müňe golaý ördekler, sakarbalaklar, uly we kiçi jübtünler, guwlar we gotanlar gelýärler we bu ýerde galýarlar.
Howdanda ak amur, kepir, lakga, ýylankelle, ýalpyldawuk zagara balyk gabat gelýär.Onuň töwereginde sazak, ýylgyn, çerkez, igde, toraňňy, gamyş we ösümlikler dünýäsiniň beýleki wekilleri gögerýär.Diýmek, bu ýerde diňe balyk tutman, eýsem tebigatda dynç almak hem bolar. -Geçen ýyl Awçylar we balykçylar birleşen jemgyýetiniň hünärmenleri howdana ýalpyldawuk zagara balygynyň we ak amuryň bir tonnadan gowrak balyjaklaryny goýberdiler diýip jemgyýetiň başlygynyň orunbasary Batyr Taganow gürrüň berýär.
Mundan başga-da, kenaryň bir bölegi abadanlaşdyryldy suwa çenli ýoda salyndy, köprüjikler guruldy, dynç alynýan, ulag goýulýan ýerler guruldy.Bu ýer balykçylaryň göwnünden turar diýip umyt bildirýäris.Biz ilat üçin dynç alyşyň bu işjeň görnüşini ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hojalyklar Lebap we Mary welaýatlarynda hem Jemgyýete bölünip ýerlerde gurnalar.
