08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, has kämil tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň ordeni we medallary bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin diýen ordeni bilen: Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy, Balkan welaýatynyň häkimi Ýaztagan Gylyjowy, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi, Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi, Türkmenistanyň Gaýrat medaly bilen: Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Nurberdiýewi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazgeldi Ýazmyradowiç Esenowy, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi Çarygeldi Çarlyýewi, Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanowy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowy, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Agalaň daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Atamyradowiç Agabalowy, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tirkiş Jelilberdiýewiç Annagulyýewi, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Parahat daýhan birleşiginiň kärendeçisi Islamberdi Orazgeldiýewiç Berdiýewi, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Bereket daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulboldy Sapargylyjowany, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi Nurahmet Kömekowiç Gylyjowy, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi Rahym Annamuhammedowiç Saparberdiýewi, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bugra Goýunlyýewi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw daýhan birleşiginiň kärendeçisi Agadurdy Rejepdurdyýewiç Goşaýewi, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi Bäşimdurdy Jumaýewiç Mämedowy, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Oguzboýy daýhan birleşiginiň başlygy Gujik Kakaýewi, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanbibi Saparmädowna Ataýewany, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň A.Nowaýy adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemra Söýünowy, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçisi Gozel Kurbangeldiýewna Orazgeldiýewany, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bazarbaý Kamalowy, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimi Mämetnyýaz Jumaýewiç Annaseýidowy, Lebap welaýatynyň Dänew etrap häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň müdiri Törekuly Hemrakulyýewi, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Çopanguly Aganýazowy, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbangözel Begjanowna Nazarowany, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ziýada Bazarowany, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begli Rahmangulyýewiç Akyýewi, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi Muhammetmyrat Tagandurdyýewiç Goşaýewi, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi Begmyrat Ýagşymyradowiç Gökçeýewi, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Daghan daýhan birleşiginiň başlygy Gaýgysyz Gurbanowiç Karyýewi, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zöhre Akmämmedowna Allanurowany, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetberdi Kakajanowiç Abdyllaýewi, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Baýramaly daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Gurbanowiç Hudaýgulyýewi, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Daýhan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazgeldy Italmazowiç Kaşowy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babaarap geňeşliginiň Babaarap obasynyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Baýnazar Emirgulyýewiç Begliýewi, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Kakamyradowiç Agamyradowy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň harby gullukçysy Berdimuhammet Sadykmuhammedowiç Berdimuhammedowy.

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 8-nji noýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
AK ARZUWLY AŞGABAT
Hakan Fidan Londonda we Parižde saparda boldy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Beýik Britaniýada we Fransiýada saparda bolar
Hakan Fidan Müsürli Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi