Yslam Galkynyş Banky Türkiýä 6,3 Milliard Dollarlyk Maliýe Serişdesini Berer

Yslam Galkynyş Banky Türkiýä 6,3 Milliard Dollarlyk Maliýe Serişdesini Berer

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Yslam galkynyş banky toparynyň Türkiýedäki taslamalara 6,3 milliard dollarlyk maliýe serişdesini berjekdigini beýan etdi.

Mehmet Şimşek Saud Arabystanynyň paýtagt Riýadda dowam edýän maslahatlaryň çäginde Yslam galkynyş banky toparynyň 2024-2026-nji ýyllaryň aralygyny öz içine alýan döwürde Türkiýedäki işleri boýunça Ýurt strategiýasynyň kabul edilendigini aýtdy.

Şimşek strategiýanyň çägindäki çarçuwaly maksatnama Yslam galkynyş bankynyň Başlygy Muhammed Sulaiman Al-Žassar bilen gol goýandyklaryny beýan edip; “Strategiýa bilen YGB ýurdumyzdaky taslamalara 6,3 milliard dollarlyk maliýe serişdesini bölüp bermegi göz öňünde tutýar. İş ýüzüne geçirilýän ykdysady maksatnamamyzyň saýasynda Türkiýä daşarky serişde akymy üznüksiz dowam edýär diýdi.

Beriljek maliýe serişdesiniň bilim, saglygy goraýyş, ulaglar, maliýe, oba-hojalygy, senagat, energetika, infrastruktura ýaly ençeme pudakdaky taslamalaryň goldanmagy üçin peýdalanyljakdygyny aýdan Şimşek, 6,3 milliard dollarlyk serişdäniň 2 milliard dollarynyň Yslam galkynyş banky, 900 million dollarynyň Halkara söwda maliýesiniň Yslamy guramasy, 300 million dollarynyň Hususy pudagyň ösdürilmegi guramasy we 3,1 milliard dollarynyň Musulman ýurtlaryň arasynda eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasyndan berilmeginiň göz öňünde tutulýandyugyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)