Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Riýad Al Maliki iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Uzakmöhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýol goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportuna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmenistan-Palestina parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi