Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi

Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi

Türkmenistan Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere daşary işler ministri Raşid Meredow, Palestina tarapyndan Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işi boýunça ministri Riýad Al-Maliki ýolbaşçylyk etdi diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň häzirki ýagdaýy we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljekki mümkinçilikleri seljerildi. Ministrler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we häzirki syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-palestina özara gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşýan möhüm gurallarynyň biridigini aýtdylar. Iň ýokary we ýokary derejede saparlaryň guralmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapy täze gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen hususy we döwlet pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik geňeşini geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Taraplar ylym, saglygy goraýyş we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ministrleriniň, orunbasarlarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)