Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Saud Arabystanyna bardy.

Saud Arabystanynyň SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Prezident Zelenskiý paýtagt Riýatdaky halkara Şa Halid howa menzilinde Riýadyň Emiriniň wekili Şazada Muhammed bin Abdurrahman bin Abdulaziz tarapyndan garşylandy.

Al Arabiýa teleýaýlymy Zelenskiýniň saparynyň çäginde Mirasdar Şazada Muhammed bin Salman bilen duşuşandygyny habar berdi.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Russiýa-Ukraina krizisiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý maý aýynda hem Saud Arabystanynda saparda bolupdy.

Saud Arabystany, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky krizisiň çözülmegi we ýesir çalşygy meselesinde uly rol oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Kataryň Premýer-ministri Boldy
Eýranyň Prezidentiniň Mohammed bin Salmana ýazan hatyny ýetirmek; Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde täze ädim
Energetika pudagynda Ermenistan bilenTürkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň giňelmegi
Türkmenistan Hazar deňzinde nebit işlerini çaltlaşdyrmaga synanyşýar
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy