Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy

Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly geçiren duşuşygy bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Hytaýyň Daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygymda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebitleýin we global hadysalary maslahatlaşdyk. Uýgur türkleri bilen bagly duýgurlygymyzy nygtap geçdik" diýip habar berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly geçiren duşuşygy bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Kambojadan gaýtamadan ozal rus kärdeşim Lawrow bilen duşuşyk geçirdim. Ukrainanyň gallasynyň howpsuz eksporty meselesini we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk" diýip mälim etdi.

Mewlüt Çawuşogly ondan öň bolsa Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, Täze Zelandiýanyň Daşary işler ministri Nanaia Mahuta, Kambojanyň Musulmanlardan jogapkär döwlet ministri Othsman Hassan, Bruneýiň Daşary işler ministri Erywan Ýusof, Şri-Lankanyň Daşary işler ministri Ali Sabri bilen aýry-aýry duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar