Prezident R. T. Erdogan V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň hormatyna akşam naharyny berdi.
Prezident Erdogan, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilýän V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Konýa gelen döwlet we hökümet baştutanlary we beýleki ýolbaşçylar bilen agşam naharynda duşuşdy.
Nahara, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed Iştiýýe, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Alžiriň Premýer-ministri Eýmen bin Abdurrahman, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň başlygy Şa Abdulaziz Bin Türki Al Faýsal Al Suud, Kataryň Olimpiada komitetiniň başlygy Bin Hamad Al Sani hem gatnaşdy.
Prezident Erdogan naharda Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed İştiýýe we Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň başlygy Şa Abdulaziz Bin Türki Al Faýsal Al Suud bilen özara duşuşyk geçirdi.
