Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy

Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy

Möwlana Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Horosanyň Balh şäherinde dünýä inýär.Möwlana Mesnewiniň girişinde adyny Muhammed bin Hüseýin el-Balhi diýip ýazýar.Lakamy Jelaleddindir. “Hezretimiz” manysyny aňladýan Möwlana derejesi, ony beýgeltmek maksady bilen aýdylýar. “Soltan” manysyny aňladýan pars dilindäki “hudawendigar” derejesi hem oňa kakasy tarapyndan berilipdir. Şeýle hem doglan şäheriniň hormatyna “Balhi” hökmünde bilinşi ýaly, ýaşan ýeri bolan Anadolyny göz öňünde tutup “Rumy, Mowlanaýy Rum, Möwlanaýy Rumi” we müderrisligi sebäpli “Molla hüňkär, Mollaýy Rum” ýaly atlar bilen tanalýar.

Eserlerinde beren käbir maglumatlardan daşgary Möwlana we onuň dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumatlar esasan uly ogly Soltan Welediň İbtidanamasy, muritlerinden Feriduni Sipahsalaryň Risalasy we agtygy Uly Arif Çelebiniň muridi Ahmed Aflakynyň Manakybul arifinine esaslanýar. İbtidanamadaky maglumatlar birinji çeşme bolup, gysga we anykdyr.

Möwlananyň eserlerinde onuň gelip çykyşy hakynda maglumat ýok. Risaleýi Sipahsalarda Möwlananyň kakasy Bahaeddin Welediň Hezreti Abu Bekiriň neslinden gelip çykýandygy beýan edilip, Hezreti Abu Bekire çenli uzap gidýän nesil daragty berilýär. Aflaky we soňky awtorlardan Abdurrahmany Jamy bilen Döwletşa hem onuň Hezreti Abu Bekiriň neslinden gelip çykýandygy ýazýar.

Balhda kakasy, şäheriň belli din alymlaryndan biri bolan Bahaeddin Weled hakyndaky myş-myşlar soltanyň gulagyna çenli baryp ýetýär, syýasy güýç gazanmak üçin tagalla edýändigi öňe sürülýär. Şol sebäpli soltan, Baheddin Welediň şäherden göçmegini isleýär.

Emma Welediň özi, ýurtdan çykarylmagy hakyndak karara garaşman, Balhyň halkyndan öýkeläni üçin alan ruhany görkezmesine laýyklykda Hiwaza gitmek üçin şäheri terk edendigini we heniz ýoldaka Balhyň mongollar tarapyndan basylyp alandygyny beýan edýär.

Maglumatlara göra Bahaweddin Welediň 1221-nji ýylda Konýa gelendigi görülýär.

Möwlana çagalygynda kakasynyň başlan ylmyny Halapda we Şamda dowam etdirýär. Ilkinji dini bilimini hem kakasyndan alýar. Möwlana kämil alym, sopy we şahyrlyk özbolyşlygyna eýedir.

Şemsi Töwrizä gabat gelmegi Möwlananyň durmuşynda öwrülşik nokady bolýar Möwlana Şemsiň Konýa gelmeginden soň wagyzlaryny, medresedäki derslerini, muritlerini bir gyra goýup, ylahy yşky we wejdi terennum edýän esasy Möwlana şol döwürde ýüze çykýar.

Ozallar yşgy takwasynda gizli bolsa, takwasy yşgynda gizlenýär.Dünýa şygyrynyň naýbaşylaryndan Diwany Kebirdäki goşgularynyň esasy bölegini hem şol döwürde ýazypdyr.Diwany Kebiriň tamamlanmagyndan soň gelen asudalyk döwründe yslam medeniýetiniň iň bir saýlama eserlerinden biri bolan Mesnewini ýazýar.

Möwlananyň pikirine görä, görnüşde aýralyk bar hem bolsa, warlykda jebislik möhümdir. İman-kufur, haýyr-şer ýaly tapawutlar bize görädir, allanyň öňünde ählisi birdir. Ýamanlyk ýagşylykdan aýrylmaz. Ýamanlyk bolmasa, ýamanlyga göz ýetirmek mümkin däldir.

Kufur bolmasa din bolmaz, sebäbi din kufury taşlamaklykdyr.Olaryň ýaradany hem birdir.Möwlananyň pikirine görä bende, şahsyýetden halas bolup, sözüň doly manysynda azatlyga gowuşýar.Sebäbi menliginden halas bolup, üýtgewsiz barlyga ýeten adamyň ygtyýary barlygy ýaly Allanyň öňünde pany bolandyr.

Onuň ygtyýary allanyň ygtyýarydyr. Şol mertebede bende jebirdenem, ygtyýardan hem söz edip biler.Emma menliginiň halas bolmazdan öň edenlerini Allaga salgylandyrmak ýalançylykdyr.

Diňe aň-düşünýä sarpa goýandyklary üçin filosoflary we olaryň täsirinde galanlary nogsan gören Möwlana, deňeşdirmäniň we salgylanmanyň adamlary ýalňyşdyrjakdygyny beýan edýär.Onuň pikiriçe dünýewi işlerde peýdaly bolan aň-düşünje, gelip çykyşyna görä ylahy hakykatlara göz ýetirmekde we haka ýetmekde bökdençlik döreder.

Ruhy ýolagçylyk üçin ylahy yşk gerekdir.Aňyň ýetmeýän ýerlerinden biri hem yşk we ahwaldyr.Gurhanda “Alla olary söýer, olar hem allany söýerler” diýilýär. Şeýlelikde yşgyň gözbaşy ylahydyr.

Ogly Soltan Weled Möwlananyň 1273-nji ýylyň 17-nji dekabrynda wepat bolandygyny, jynazasyna iňňän köp adamyň gatnaşandygyny, musulmanlaryň ony Muhammet pygamberiň nury we syry, hristianlaryň bolsa Isalary, ýehudileriň Musasy ýaly görendiklerini beýan edýär.

Jynazasynda aglap, perýat edilmezligini wesýet etmegi we ölen gününi gowuşma wagty hökmünde häsýetlendirmegi sebäpli ölen gününe toý gijesi manysyny aňladýan “şebi arus” diýilýar we ölen güni şol at bilen hatyralanýar.

Möwlananyň pikirleri, düşünjesi hakynda gündogarda günbatarda köp sanly ylmy barlag geçirilipdir. Mesnewi, tasawwuf düşünjesiniň ähli ugurlaryny öz içine alýar we yslam medeniýetiniň esasy eserlerinden biridir.

Ýene degişli makalalar

Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
Prezident Erdogan Möwlanany Aradan Çykan Gününiň 750-nji Ýylynda Hatyralap Geçdi
Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
Täjigistanda Rumynyň döredijiligine bagyşlanan forum geçdi
Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygynyň galan işleri başlandy