Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny

Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny

Uzak ýyllaryň dowamynda doglan we dünýeden öten ýyllary hakynda jedelleşiler bolan Ýunus Emräniň 1240-31-nji ýyllarda doglup, 82 ýyl ömür sürendigi we 1320-nji ýylda dünýeden ötendigi bilinýär.

Alymlar bu barasynda çäkli çeşmelerden alynan delillere esaslanyp, netijä geldiler. Ömür beýany we çagalygy, alan bilimi hakynda hiç hili ýazmaça maglumat ýok.Merkezi Anadolyda dünýä inendigi, ençeme ýeri gezendigi we Anadolyda düýeden ötendigi bilinýär. Şahyryň şygyrlary halk arasynda gulakdan-gulaga ýaýrapdyr.

Birnäçe ýerde gubyry bar.Alymlar soňky işlerden ugur alyp, Eskişehiriň Saryköý, Ýunus Emre obasyndaky gubyryň onuň hakyky gubyry bolandygy netijesine geldiler.Boludaky, Karamandaky, Aksaraýdaky, Konýadaky we Azerbaýjandaky beýleki gubyrlaryň halkyň oňa bolan söýgüsinden gelip çykýandygy aýdylýar. Ýaşlygynda uzak ýyllar Tapdyk Emre dergähinde ýaşandygy rowaýat edilýän bolsa, Anadoly, Şam, Bagdat, Azerbaýjan, Rumeliýa ýaly ýerleri gezipdir, baran ýerlerinde şygyrlary we süýji söhbeti bilen iňňän sylanypdyr.

Biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk eseri Risalatun Nushyýa 1307-nji ýylda jemlenipdir. Iň gadymy nusgalaryndan Ritter nusgasy 14-nji asyrdan galan. 600 beýitden ybarat bolan bu eseriň dürli döwürlerde ýazylan birnäçe nusgasy bar. Soňky gezek iň giňeldilen görnüşde 4 jiltden ybarat Mustafa Tatçy tarapyndan “Eşidiň eý ýaranlar” ady bilen 2012-nji ýylda Stambulda çap edilýär.

Ýunus Emre, gadymy Anadoly türkiçesiniň kämilleşmegine uly goşant goşan türk şahyrlaryndan biridir.Onuň ulanan sözleri we söz düzümleri, olarda beýan etmek islän manylary türki diliň edebi dile öwrülmegi ugrunda edilen uly başlangyçdyr. Ýunus Emräni beýleki mutasawwyf şahyrlardan tapawutlandyrýan özbolyşlygy hem şol.

Süleýman Seýhi, Ýunusdan soňky şahyrlaryň onuň ýaly şygyr aýtmagyň hötdesinden gelip bilmändiklerini nygtan bolsa, Ysmail Hakky Bursewi; “Şyh Ýunus bu diliň ussadydyr.Eýsem ondan soň gelen söz ussatlary onuň sözüniň ugry bilen gidip, şygyrda oňa üýkünipdirler” diýýär. Ýunusdan öň dilden aýdylýan edebiýat bolan hem bolsa, Anadolyda kämilleşen günbatar türkiçesi bilen ilkinji we iň ajaýy şygyry Ýunus ýazypdyr.

Dilewarlyk ukybyndan peýdalanyp, dili ussatlarça ulanypdyr we türkçede tasawwuf ýoluny açypdyr. Ýunusuň sada dilinde orun beriler, döwrüň türkiçesinde ulanylan arap we parsça sözleriň käbirleri türkiçe fonetika utgaşdyrylypdyr. Şeýle hem onuň diwanynda häzirki döwürde ulanylmaýan ençeme arkaiki söz bar. Şygyrlarynda döwrüň medeniýetini beýan edýän dini adalgalaryň ýany bilen ençeme halk sözleýişi we frazalogiýasy bar. Ýunus Emräniň pikirleri Gülşehri, Kaýgusuz Abdal, Aşyk Paşa we Ahmed Fakihden tapawutly däl.

Emma ol türk diline getiren ýoly we sözleräki manylary bilen olardan tapawutlanýar.Ylahylarynyň asyrlarça aýdylyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginiň sebäbi şygyryndaky şol ýol bolsa gerek.

Türk tasawwuf edebiýatynda özüne mahsus usulyň esaslandyryjysy bolan Ýunus Emre, Ahmet Ýasaby bilen başlan tekke şygyry däbini özbolyşly sözleýişi bilen Anadolyda gaýtadan işläpdir we Rumeliýa sebitindäki tasawwuf edebiýaty ondan ylham alypdyr. Ýunus Emre tasawwuf düşünjesini çuňňur özleşdirip, ylahylarynda içginligi, heýejany we yşgy bilen çuňňur, äheňli usula eýe bolup, bütin adamzady ylahy yşga, doganlyga, merhemetlilige we hoşniýetlilige çagyrypdyr.

Ynsan bolmagyň, özüňi bilmegiň, Biri-bara ýetmegiň şertlerini we ýollaryny beýan edipdir.

Şygyrlarynda daş-töwereginden, tebigatdan, adamkärçilik gymmatlyklaryndan mysallar getirýän bolsa, Ýunus Emre maddy faktorlary maksat edinmändir. Ýunusyň tasawwuf düşünjesi ähli zat öň Gurhana we sünnede, özünden öň ýaşap geçen tasawwuflaryň pikirdir-tejribelerine esaslanýar. Ýunusuň söýgä esaslanýan pikir ummany adamy söýmek bilen çäklenmän, Allaga bolan söýä çenli uzap gidýär.

Süleýman Şehhi hem Ýunus, onuň şygyrlary hakynda sözläp, Möwlana Jelaledddin Rumynyň Ýunus hakynda “Ylahy menzilleriň haýsyna baranymda-da bu türkmen gojasynyň yzyna gabat geldim, ondan öňe geçip bilmedim” diýendigini, beýan edýär. Bu, rowaýat hem bolsa, Ýunus Emräniň Anadolynyň tasawwuf şygyrynyň ýüze çykmagyna nähili goşant boşandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri
Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Aşgabatda Ýunus Emre institutynyň şahamçasyny açmak meýilleşdirilýär
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş orunlaryny hödürleýär
“Türkiýe Bilen Müsür, Taryhy we Medeni Geçmişinden Ylham Alýar”
Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar