Prezident Erdogan Möwlanany Aradan Çykan Gününiň 750-nji Ýylynda Hatyralap Geçdi

Prezident Erdogan Möwlanany Aradan Çykan Gününiň 750-nji Ýylynda Hatyralap Geçdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýe hökmünde ysraýylly ýolbaşçylaryň kanun we taryh taýdan jogapkärçilige çekmek üçin bar bolan mehanizmlerden peýdalanmakdan çekinmejekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Konýa Möwlana medeniýet merkezinde geçirilen Hezreti Möwlananyň dünýeden öten gününiň 750-nji ýyly Halkara hayralama çäresine ýüzlenme ugratdy.

Erdogan beýik akyldar, sopy we ýürekleriň soltany Möwlana Jelaleddin Rumyny uly hormat bilen hatyralap geçdi.

"Hezreti Möwlananyň paýhas çeşmesinden akýan maslahatlaryna hemişekiden has köp zerurlygyň bolan günleri başymyzdan geçirýäris" diýip aýdan Prezident Erdogan, 7-nji oktýabrdan bäri Gazada we basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň topraklarynda başdan geçirilýän Ysraýylyň zalymlygynyň üstünde durup geçdi.

Prezident Erdogan: "Özlerini adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýjy hökmünde görkezýän käbir ýurtlaryň şertsiz goldawyny alýan Ysraýyl hökümeti zulumyň gerimini dowamly artdyryp, gan dökmäge, jan almaga, çagalary gyrmaga dowam edýär" diýip nygtady.

Türkiýe hökmünde ysraýylly ýolbaşçylaryň kanun we taryh taýdan jogapkärçilige çekmek üçin bar bolan mehanizmlerden peýdalanmakdan çekinmejekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Hezreti Möwlananyň yzyndan eýerip, dinine, gelip çykyşyna, reňkine, şahsyýetine garamazdan ezilenleriň we hakyny alyp bilmeýänleriň ýanynda durmaga dowam ederis" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny