Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde ikiçäk duşuşyklar geçirmäge başlady.

Ministr Çawuşogly saparyň çäginde Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, global we sebitleýin meseleler ele alyndy.

Mewlüt Çawuşogly Al Sani bilen geçiren duşuşgyndan soň bolsa Täze Zelandiýaly kärdeşi Nanaia Mahuta bilen duşuşdy.

Geçirilen duşuşykda ýigrenç bilen bagly jenaýatlara we rasizme garşy göreşdäki hyzmatdaşlyk, Ukrainadaky we Günorta-Gündogar Aziýadaky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mewlüt Çawuşoglynyň ASEAN-yň Döwürleýin başlygy Kambojanyň Wise-premýeri, Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Prak Sokhonn we ASEAN-yň Baş sekretary Lim Jok Hoi bilen geçirıljek üçtaraplaýyn maslahatda, Türkiýe-ASEAN gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň gözden geçirilmegi we öňümizdäki döwürde anyk hyzmatdaşlyk teklipleriniň maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar