5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistan 2024-nji ýylda TDG-niň doly hukukly agzasy bolup biler, Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi we gowaçanyň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany gowaça ekiljek meýdanlaryň, oba hohalyk tehnikalarynyň, gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegi we agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegi boýunça görkezmeleri berdi.

2. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biler. Bu barada Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň dowamynda yglan edilmegi mümkin. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede geçirilen Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berende belläp geçdi.

3. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de onuň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Sergide azyk we ýeňil senagat, oba hojalygy, sport harytlary, gurluşyk we dürli hyzmatlar ulgamy boýunça türkmen hem-de owgan önüm öndürijileri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

4. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Waşingtonda ýurduň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisiniň we Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri barada brifing geçirdi. Bu çärä ABŞ-da kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we amerikan ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

5. Geçen ýylda Türkmenistan daşary ýurtlardan 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümlerini import etdi. 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda türkmen bazaryna daşary ýurtlardan kofe we kakao önümleriniň 6 müň 555 tonnasy getirilipdir. Olaryň agramly bölegi Nescafe, Jacobs, Camel, MacCoffee, Hot drops, Nesquik ýaly dünýäniň meşhur haryt nyşanlarynyň paýyna düşýär.

Dünýäde

6.Hytaýly lukmanlar topary robotyň we 5G tehnologiýasynyň kömegi bilen 51 ýaşly hassanyň aşgazan rak keselini aýyrmak boýunça uzak aralykdan operasiýa geçirdi.Bu innowasion çemeleşme köp keselleri bejermekde, esasanam lukmançylyk kömegi çäklendirilen çetki sebitlerde lukmançylyk hyzmatlaryny hödürelmekde täze döwre badalga berip biler.

Işläp düzüjiler telekommunikasiýanyň ulanylmagy bilen baglanyşykly robotyň buýruklara jogap reaksiýasynyň gijikmeginiň örän ujypsyz derejededigini habar berdiler.Operasiýa hiç hili kynçylyksyz geçirildi we näsag tiz wagtda saglygyny berkidip başlady.

7. Saud Arabystany Patyşalygynyň Bilim ministrligi we Daşary işler ministrligi bilelikde bilim wizasy maksatnamasyny işe girizdiler. Maksatnamanyň esasy maksady ýurtda ýokary bilimini artdyrmak üçin daşary ýurtly alymlary we talyplary çekmekden ybaratdyr. Täze wiza mümkinçiligi Riýadda geçirilýän Adamzadyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça başlangyç maslahatynda yglan edildi.

Sport habarlary

8. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň B toparçasyndaky deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk 7:2 hasabynda tamamlandy. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Serdar Durdyýew poker etdi, şeýle-de Şöhrat Begliýew, Perman Şamuhammedow we Elman Isaýew dagy öz atlaryna bir şaýbadan ýazdyrdylar. Ýaryş 4-7-nj mart aralygynda GAR-da geçirilýär.

9.Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda we Balkanabat şäherinde geçirilen üç oýun arkaly futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminiň 1-nji tapgyry tamamlandy.Altyn asyr garaşylmadyk ýagdaýda Şagadamdan 2:1 hasabynda ýeňildi, Ahal Marynyň Energetiginden 5:0 hasabynda ynamly üstün çykdy, Merw bolsa myhmançylykda Nebitçini 2:1 hasabynda ýeňdi.

Arkadag topary özüniň ilkinji oýnuny 7-nji martda Altyn asyr bilen geçirer.

10.Bütindünýä tennis güni Türkmenistanda ýaş tennis ussatlary üçin ýaryş bilen bellenildi. 2013-nji ýylda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan döredilen bu baýramçylyk her ýyl mart aýynyň birinji duşenbesinde bellenilýär.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem bu asylly çäreden çetde durmady we Aşgabat tennis akademiýasy bilen bilelikde ýaryş gurnady, oňa 8 ýaşa çenli 17 sany oglanlar we gyzlar gatnaşdy.Bäsleşik iki günüň dowamynda Aşgabat tennis akademiýasynyň meýdançalarynda geçirildi we köp sanly janköýerleri hem-de ýaş türgenleriň ene-atalaryny münberlere ýygnady.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Daýana Rahmanowa ýeňiş gazandy, oglanlaryň arasynda Mark Azizow ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi