
18-nji aprelde Türkmenistanyň günortasynda, Eýran bilen serhetde ýerli wagt bilen sagat 9:48-de 4 ball derejesinde ýer titreme boldy diýip Volcano Discovery saýty habar berýär.
Ýer yranmanyň merkezi Ahal welaýatynyň Duşak obasyndan 17 kilometr we Tejen şäherinden 34 kilometr uzaklykda 12 kilometr çuňlukda boldy.
Ýerli KHS tebigy heläkçilikler we onuň ýetiren zyýanlary barada habar bermeýärler.The post Ahal welaýatynyň günorta-gündogarynda ýer yranma boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.