Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurduň dürli künjeklerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.

Tejen şäherinde täze açylan dermanhanada Türkmenistanda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm we ammar jaýy bar.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Degişli maslahatlary almak isleýänler üçin sorag-jogap gullugy hereket edýär. Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu ýerde satyn alnan dermanlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Täze ýyl agşamynda nädip artykmaç iýmekden saklanmaly
Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun