Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permanlara gol çekdi.

Arakesmeden soňra, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesine sylaglar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Oksana Domenti (BSGG): Türkmenistan ählumumy lukmançylyk diplomatiýasynyň işjeň gatnaşyjysydyr
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Şagadam we Ahal toparlary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Altyn Asyr topary ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy