HALK HÄKIMIÝETINIŇ ÝOKARY WEKILÇILIKLI EDARASY — TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY DÖREDILDI

HALK HÄKIMIÝETINIŇ ÝOKARY WEKILÇILIKLI EDARASY — TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY DÖREDILDI

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda, paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar.

Ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgüne geldi. Hemmeler hormatly Arkadagymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny we Mejlisiň deputatlaryny mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Hormatly Arkadagymyz oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşýandygyny aýdyp, bilelikdäki mejlisi açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, bu gezekki bilelikdäki mejlise Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibini tassyklamagy sese goýdy. Gün tertibi mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Gahryman Arkadagymyz hemmeleri, ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň wekillerini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň açylmagy bilen gutlap, meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda teklipler ýüze çyksa, ýazmaça görnüşde ýüzlenip biljekdiklerini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Onda biziň halkymyzyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döwlet gurluşynda toplan tejribesini hasaba almak bilen, ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen ählihalk forumlarynda maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip doly goldanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ygtyýarlyklarynyň berilmegi bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek teklip edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşini (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Kararyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryny berkitmän, eýsem, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadydyr.Esasy Kanunymyz ägirt uly we uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şertidir.

Geljekde öňümizde durýan belent maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda döwlet häkimiýet edaralaryna, esasan-da, halka wekilçilik edýän edaralara, milli parlamente uly orun degişlidir.Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär.

Beýleki bir tarapdan, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, halkyň pikirini öwrenmek hem-de isleglerini kanagatlandyrmak üçin amatly hukuk, syýasy, kanunçylyk gurşawy emele gelýär. Şonuň üçin-de biz şu günki mejlisimizde bu gatnaşyklary has kämil derejede ösdürmek maksady bilen, täze bir hukuk ugruny, ýagny döwletimize, jemgyýetimize, sebitlerimize wekilçilik edýän, şol sanda parasatly ýaşulularymyzyň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň wekilçiligini üpjün etjek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi göz öňünde tutduk diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy we degişli teklipleri işläp taýýarlamagy, anyk çözgütleri kabul etmegi maksat edip goýduk.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Arkadagly Serdarymyza döredip beren giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga girişildi.

Bilelikdäki mejlisiň dowamynda, ilki bilen, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy G.Bazarowa söz berildi.Ol ýurdumyzyň ýaşulularynyň adyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Esasy Kanuna üýtgetmeleri girizmek başlangyjynyň doly goldanylýandygyny aýtdy. Çykyşyň dowamynda dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklip öňe sürüldi.

Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň halkymyza ak ýürekden hyzmat etmegi, ulus-ilimizi eşretli durmuşa ýetirmegi, mähriban Watanymyzy ösdürmegi we onuň abraýyny belende götermegi bilen şertlendirilýär.Biz bu teklibiň türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyljakdygyna berk ynanýarys diýip, G.Bazarow sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi.Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», “Döwletliniň başlan işi oň bolar” ýaly pähimler bar. Şu döwletli maslahatda kabul ediljek çözgütler hem il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berer.

Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine Gahryman Arkadagymyzyň goşandy barada aýdyp, G.Bazarow her bir ata-ene üçin ýurt parahatçylygynyň, maşgala abadançylygynyň, çagalarynyň, agtyk-çowluklarynyň bagtyýar durmuşyna guwanmagyň iň uly bagtdygyny belledi.

Häzirki döwürde biz parahat durmuşda, arassa asmanyň astynda ýaşaýarys, hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtly we nurana geljege tarap ynamly gadam urýarys diýip, hormatly ýaşuly belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.Onuň çäklerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri döredilýär, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm üns berildi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň merkezinde täze baş metjidiň düýbüniň tutulmagy milli ruhy gymmatlyklara bildirilýän hormaty aňladýar.

Geçen 15 ýylyň içinde mähriban Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanmagy we belent derejelere ýetmegi Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli döwlet işiniň aýdyň netijesidir.Bu bolsa hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegine mynasypdygyny görkezýär diýip, G.Bazarow belledi. Çykyşyň dowamynda hormatly ýaşuly mejlise gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar etmek baradaky teklibi goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Halaç etrabynyň ýaşaýjysy ýaşuly nesliň wekilleriniň hormatly Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladalaryna jogap hökmünde ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer nesiller edip ýetişdirmek, milli däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň saklanmagy, olary baýlaşdyrmak boýunça işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy. “Biz, hakykatdan-da, juda bagtly halk!

Sebäbi biziň iň dogry, iň nurana ýoly görkezýän Gahryman Arkadagymyz bar, bu ajaýyp peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz bar” diýip, G.Bazarow aýtdy we öz çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra maslahata gatnaşýan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy O.Pirmuhammedowa çykyş etdi. Ol hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň ähmiýeti barada aýtdy. Onda eneleriň beýikleri dünýä berýän beýiklikdigi bellenilýär. Bu sözler hemmeler üçin mähriban bolan eneleriň mertebesini ýene bir gezek belende göterýär.

Häzirki wagtda biz eneler her bir tutumlarymyzy milletiň käbesi mähriban Ogulabat ejemiziň nusgalyk görüm-göreldesi bilen başlaýarys diýip O.Pirmuhammedowa belledi we Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza enelere goýýan çäksiz hormat-sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halky ata Watanymyzyň ösüşlerine, özgerişlerine, ylaýta-da, zenanlar we ýaş nesiller hakynda edilýän beýik tagallalara guwanýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda hormatly Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň ähmiýetiniň möhümdigine üns çekildi.

Onda döwletimiziň mundan beýläkki ösüşi boýunça wajyp wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan beýik maksatlar, Watanymyzyň gülläp ösmegine, kanun çykaryjy edaralaryň düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn çözgütler, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleri dili senaly enelerde buýsanç duýgusyny döredýär we bu başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şöhratly pederlerimiziň döreden milli däpleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şu günki waka ýurdumyzda ähli meseleleriň halk bilen maslahatlaşyp çözülýändigini görkezýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly durmuş ýolunyň, onuň kabul edýän her bir çözgüdiniň, ata Watana, halka belent söýgüsiniň, ýaşuly nesillere bolan çäksiz hormatynyň, bitiren beýik işleriniň, halkymyzyň röwşen geljegi hakyndaky bimöçber tagallalarynyň, watansöýüjiliginiň, belent adamkärçiliginiň ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, O.Pirmuhammedowa halkymyzyň arzuw-islegini nazarda tutup, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar etmek baradaky teklibi türkmen zenanlarynyň, ýaşuly nesilleriň wekilleriniň tüýs ýürekden goldaýandygyny belledi.

Biz — bagtyýar zamananyň bagtly eneleri. Çünki biziň arkamyzda pederleriniň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bar.Bu gün parahat, asuda durmuşymyza, çagalarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýarlygyna guwanyp ýaşaýarys.

Bu her bir ene-ata üçin bagtyň çür başydyr diýip, çykyş eden aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, O.Pirmuhammedowa çykyşyny Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmeni R.Nurmyradow çykyş etdi.Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýändigini, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer taglymatynyň, döwletli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.Ata Watanymyzda asudalyk, agzybirlik, jebislik höküm sürüp, bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Şeýle hem dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň örän çalt üýtgeýändigi, şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygynyň ýüze çykýandygy bellenildi.

Kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, parlamenti döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, konstitusion topar tarapyndan taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” hem-de “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary ýurdumyzda halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna has oňaýly täsirini ýetirer.

Bu bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açar.

Täze taryhy döwürde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplaryny, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribeleri nazara alyp, döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary halkymyz tarapyndan doly goldanylýar. Şunda halkymyzyň, hormatly ýaşulularyň Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmek barada eden teklipleri giň goldawa eýe bolýar.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýeri boljak bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň ähli wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde uly güýç bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Watanymyzyň häzirki zamanyň wajyp ulag-kommunikasiýa merkezi hökmündäki ornuny berkidýändigi, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy.

Döwletimiziň ulag ulgamy halkara ulag hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşýar.

Türkmenistanlylaryň döwletimiziň demokratik, hukuk gymmatlyklarynyň berkidilmegi, adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we azatlyklarynyň goragynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyklarynyň çägi ýok. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Arkadagly Serdarymyza iň gowy arzuwlaryny aýdyp, R.Nurmyradow çykyşyny ajaýyp goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň ýaşlar guramasynyň başlygy H.Kişjikowa söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Biz halkymyzyň taryhynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen bagly taryhy maslahata gatnaşýandygymyza buýsanýarys diýip, hünärmen belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu nukdaýnazardan, diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy üpjün etmek ugrunda adamzat ykbalyny özgerdiji beýik başlangyçlaryny göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi barada öňe sürlen teklibi agzybir halkymyz bilen bilelikde doly goldaýarys diýip, H.Kişjikow belledi.

Çykyşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy bellenildi.

Döwlet ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işi, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän çuňňur we hemmetaraplaýyn alada ýaş hünärmenleri täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrýar.

Hökümetimiziň öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy özleşdirmek boýunça başlangyçlary pudaklaryň önümçilik kuwwatyny artdyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar Milli Liderimiziň daşynda mäkäm jebisleşip, türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, onuň bagtyýar şu güni we nurana geljegi baradaky başlangyçlary mynasyp dowam etdirýärler. Çykyşynyň ahyrynda hünärmen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýaş hünärmenleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Mary welaýatyndan telekeçi K.Geldimyradow çykyş edip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda şanly waka bolup, milli demokratiýanyň dabaralanmasyna öwrülendigini nygtady.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ösüşine we telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Türkmen telekeçileriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hususy pudagy tarapyndan medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurulýar.Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça hem ýadawsyz zähmet çekýärler.

Halkymyz gurmagy, döretmegi iň bir haýyrly iş hasaplaýar.Bu biziň ata-babalarymyzdan gelýän ýörelge bolup, onuň şu beýik döwrümizde ýene-de rowaçlanýandygy diýseň guwandyryjydyr.Sebäbi gurlan her bir desga, bina halkymyza hyzmat edýär, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýar diýip, K.Geldimyradow aýratyn nygtady.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy munuň aýdyň beýanydyr diýip, çykyş eden belledi we türkmen topragynda tutuş bir şäheriň kemala gelmeginiň halkymyz üçin buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk, “akylly” şäher derejesine eýe bolan uly taslamanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň telekeçilere bildirýän ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Onuň gurluşygy ýerli telekeçilere ynanyldy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we Türkmenistanyň Mejlisinde kanunçylyk işini alyp barýan wekilçilikli edarany ýatyrmak teklibi öňe sürüldi. Bu başlangyçlar Watanymyzyň öz ösüşinde täze belentliklere ýetmegi üçin pugta kanunçylyk binýadyny emele getirer.

K.Geldimyradow hormatly Arkadagymyzy ýurdumyzyň telekeçileriniň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy we hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Çykyşyň ahyrynda mähriban Watanymyza bolan söýgi hakynda goşgy setirleri okaldy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Ş.Gylyjowa söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyza we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu günki mejlisiň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň adyndan çykyş edýän ýaş esger Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu günki mejlisde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunlaryň kabul edilmeginiň milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze sepgitlere gönükdirýän taryhy waka öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýandygyny aýtdy. Şunda ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralary ulgamynyň döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgeleri esasynda hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde hem-de dolandyrmakda toplan baý tejribesi we häzirki döwrüň talaby göz öňünde tutulyp amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirýär.

Ş.Gylyjowyň belleýşi ýaly, Watan goragçylary Gahryman Arkadagymyzyň ýokary wekilçilikli edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky taryhy ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýarlar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinden paýhasly jümleleri mysal getirip, harby gullukçy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda merdana pederlerimizi nusgalyk görelde edinýän watançy ýaşlaryň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýandyklaryny belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine ägirt uly goşant goşan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi baradaky teklibiň Watan goragçylaryny ruhlandyrandygy nygtaldy.

Bu günki gün hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby hünär ussatlygynda görkezen edermenlikleri, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri netijesinde ussat harby hünärmenler kemala geldi. Ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň bu teklibi doly goldaýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz tagallasy üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi.

Watan goragçylary ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, ata Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala we polat galkan bolup durarlar diýip, Ş.Gylyjow nygtady.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby J.Kakyşowa çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň ýaşlarynyň adyndan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly jemgyýetçilik-syýasy wakasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şanly wakalara beslenýän günlerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi täze taryhy eýýamyň derejesini belende göterdi.

Il-günüň agzybirligini, halkyň abadançylygyny baş maksat edinýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde berkarar Watanymyz gülläp ösýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýan, ýaşlaryň ykbalynyň galkynýan döwletine öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar.Häzirki döwürde ýaşlaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar syýasaty bilen bagly kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşmaklary döwlet dolandyryşynda ýaşlara aýratyn uly orun berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Yzygiderli edilýän tagallalaryň netijesinde Türkmenistan arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, edermenlik we asylly işler baradaky şahsy göreldesi ýaşlary häzirki döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde hemmeler üçin görelde mekdebi bolup durýar. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda jebisleşmegiň hemmeler üçin mukaddes borçdugyny belläp, J.Kakyşowa talyp ýaşlaryň kanun çykaryjy edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen teklipleri hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny we olaryň öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtady.

Ýaşlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky alada üçin ýene-de bir ýola hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň wekili Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bilelikdäki mejlisde jemgyýetimiziň döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky örän möhüm meseleler, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şunuň bilen baglylykda, iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip belledi.

Öz düzüminde ýurdumyzyň sebitlerine we jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlaryň bu maslahatyň deňhukukly gatnaşyjylary bolmaklaryny maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Çykyşymda hem belläp geçişim ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek teklip edilýär. Şu günki mejlisde öňe sürlen teklipler çykyş edenler tarapyndan hem doly goldanyldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Konstitusion topar tarapyndan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” hem-de “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary taýýarlanyldy diýip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň dessurlaryna laýyklykda, bu Kanunlary kabul etmek hem-de makullamak boýunça Milli Geňeşiň agzalarynyň degişli çözgütleri kabul etmekleri üçin, arakesme wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Milli Geňeşiň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde pikir alşarlar we degişli çözgütleri kabul ederler. Gün tertibiniň meseleleri boýunça degişli kararlar kabul edilse we makullanylsa, ýokarda agzalan Kanunlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň garamagyna iberiler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, arakesmeden soňra gelnen netijeler barada habar berler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň arakesmesinde Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilýän Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň açylyşynda öňe sürlen teklipleriň döwlet we jemgyýetçilik taýdan wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ýere ýygnananlar Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda amala aşyrylýan hem-de mundan beýläk-de sazlaşykly ösüş üçin zerur şertleri döredýän özgertmeleriň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleri döwlet dolandyryş işinde we dünýäniň ösen tejribesinde bar bolan ýörelgeleri nazara alyp, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar esasynda amala aşyrylýar. Onuň baş maksady adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekden, raýatlaryň döwlet dolandyryş işine gatnaşmaga bolan hukuklaryny berkitmekden ybaratdyr.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Konstitusiýanyň we milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hukuk, demokratik döwletiň esaslarynyň berkidilmegine, Watanymyzyň durnukly ösüşine, raýatlarymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda konstitusion topar tarapyndan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Milli parlamentiň işiniň üýtgedilip guralmagy döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülere laýyklykda düýpli berkitmäge hem-de döwleti dolandyrmagyň ulgamynyň çeýe ulgamyny emele getirmäge, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy hödürlenildi.Onuň kabul edilmegi ýurdumyzy hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetiň syýasy ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin mümkinçilikleri döreder, ilatyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm çözgütleriň açyklyk, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy ýagdaýynda kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün eder.

Halkymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý taryhy tejribesine hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlara daýanyp, halkyň erk-isleginden ugur alnyp, konstitusion topar tarapyndan “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda deputatlar Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler, Halk Maslahatynyň agzalary bolsa olary makulladylar.Soňra Kanun taslamalarynyň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi.

Şeýle hem ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakyndaky teklibi goldadylar.

Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň barşynda şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen Konstitusion kanunlar babatda berlen teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we degişli Kararlaryň kabul edilendigini belledi. Kabul edilen Konstitusion kanunlar hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.

Ol döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda batly depginler bilen ösýän ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek baradaky taryhy başlangyjy halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Bu başlangyjyň hukuk binýadyny emele getirmek üçin konstitusion topar tarapyndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary taýýarlanyldy.

Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirilýän şu mejlisde bu başlangyç doly makullanyldy. Bu taryhy waka halkymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna barha berk jebisleşýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy arakesme wagtynda Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigini habar berip, onuň netijelerini beýan etdi.

Ýokarda agzalan Konstitusion kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda olaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini giň demokratik başlangyçlar esasynda ýola goýmagyň berk hukuk binýadyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Kanunlar biragyzdan kabul edildi we makullanyldy hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu Konstitusion kanunlary goldap, gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz bütin manyly ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlap, döwleti parasatly dolandyrmagyň ýokary nusgasyny görkezdi we ýurdumyzy ösüşlere besledi.Türkmenistanlylar abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýarlar, ata Watanymyz adamlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ýetilen bu beýik sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ähli halkymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine diňe hormatly Arkadagymyzy mynasyp görýär.

Munuň özi halkymyzyň isleg-arzuwlarynda hem-de öňe süren tekliplerinde öz beýanyny tapdy we bu teklipler hormatly Prezidentimize ýetirildi.Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň haýyşlaryny, isleg-arzuwlaryny goldamak bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna gol çekdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy bu resminamany okap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy başlangyjy doly goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hemmeleri ýokarda agzalan Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şu günki çykyşlarda hem-de ildeşlerimizden gelip gowşan köp sanly ýüztutmalarda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzy hakyky Milli Lider hasaplaýandygy bellenildi. Şu beýik derejäni kanun esasynda berkitmek teklip edildi.

Munuň özi özygtyýarlylygy pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara abraýyny we ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň erk-islegini göz öňünde tutup, türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýän «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu Kanun makullanyldy we kabul edilip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi.Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň erk-islegini goldap, bu Konstitusion kanuna hem gol çekdi.

Bu habar mejlise gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Çykyşynyň ahyrynda Mejlisiň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu günki mejlisde kabul edilen Konstitusion kanunlara gol çekip, olary tassyklandygyny nygtady. Şol Kanunlaryň kabul edilmegi bilen, maňa örän jogapkärli wezipe ýüklenýär diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we münbere geçip, öz minnetdarlyk sözlerini beýan etmek isleýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ildeşlerimiziň bu ägirt uly ynamynyň özüni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de yhlasly işlemäge borçly edýändigini nygtady.

Biz Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutduk.Onuň Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besledik diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Eziz Diýarymyzy Ýer ýüzünde abraýly, hormatlanýan, öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary goldanylýan, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýan, ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan Garaşsyz hem baky Bitarap döwlete öwürmegi başardyk.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda düýpli özgertmeleri geçirmegimiz, takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly düzülen maksatnamalary kabul etmegimiz we ýerine ýetirmegimiz netijesinde uly ösüşleri gazandyk. Ýurdumyzyň ähli ýerinde täze obalary, şäherçeleridir şäherleri döretdik.

Döwrebap önümçilik, senagat kärhanalaryny, bilim, saglyk, sport we medeni maksatly binalary gurduk.Jemgyýetçilik gatnaşyklary hem kämilleşdirildi, bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilmegi netijesinde telekeçileriň we senagatçylaryň, hususyýetçileriň täze nesli kemala geldi.

Indi olar diňe bir ýurdumyzyň içinde iş alyp barmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejelere hem çykýarlar.Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürmäge, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuş üpjünçiligi ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.Munuň özi döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde maşgalalaryň müňlerçesi ýeňillikli karzlaryň hasabyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň we öýleriň eýeleri boldular. Ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan goldaw bermek işi ýola goýuldy.

Raýatlarymyzyň oňaýly şertlerde ýaşamagy, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, berk bedenli we ruhy taýdan baý bolmagy üçin ähli şertler döredildi.

Biz üstünliklerimizi gündelik durmuşda her gün görýäris. Ýöne maksatnamalarymyzy kabul edenimizde-de özgertmeleri meýilleşdirýäris. Ilkinji nobatda, mähriban halkymyza daýanyp, ähli işlerimizi halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Ýeten belent sepgitlerimiziň raýatlarymyzyň agzybirlikde, jebislikde, ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldap, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde mümkin bolandygyny nygtamak isleýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris.Munuň üçin şertlerimiz hem, mümkinçiligimiz hem bar. Öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin berk ylmy we hukuk esaslary bolan maksatnamalar kabul edildi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde geljek 30 ýylda ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Maksatnamada göz öňünde tutulan işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Kabul edilen bu maksatnamalarda her ýylda bellenen işlerimizi artygy bilen berjaý etsek, olaryň möhletinden öň ýerine ýetiriljekdigine şübhe ýokdur.Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Maksatnamalarda şu ýylda göz öňünde tutulan işler hem köp. Şu ýyly biz ýaşlarymyz bilen baglanyşdyrdyk. Oňa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr diýip, hormatly Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, olary goldamaga gönükdirilýär.

Döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslaryny has-da berkitmek üçin geçen ýylyň sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.Kanunda ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tertipde tölemekleri kepillendirildi.Bu bolsa ýaşlarymyzyň durmuşda öz orunlaryny tapyp, ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaklaryna oňyn täsirini ýetirer diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Bu Kanunda okuwyň üznüksizligini gazanmak we hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly birnäçe kadalar, beýleki ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar we ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklarynda şu ýyl hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly işlemelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Şanly seneleri, dürli dabaralary geçirip, birnäçe önümçilik maksatly we ýaşaýyş-durmuş ugurly desgalary ulanmaga bermelidiris.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň biridir.

Ýaňy hem belleýşim ýaly, kabul eden maksatnamalarymyzda öňde goýan aýdyň wezipelerimize tarap ynamly öňe barýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy şolaryň käbiri barada gysgaça durup geçdi.

Biz dünýäde deňi-taýy bolmadyk, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýarys. Geljekde-de Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny dowam etdirmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňelder. Goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkidip, yklymyň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer.

Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň tutuş adamzadyň bähbitlerini öňe sürýän birnäçe Kararnamasy kabul edildi. Döwletimiz geljekde-de sebit we dünýä derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýelemelidir we dürli teklipler bilen çykyş etmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda dürli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.Syýasy, ykdysady, maliýe ugurlarynda ýöriteleşen halkara guramalar bilen jebis hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.Halkymyzyň ruhy we taryhy mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda medeni-ynsanperwer ulgamda ÝUNESKO we beýleki iri düzümler bilen hyzmatdaşlyk muňa mysaldyr diýip, Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine, munuň bolsa diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine-de hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Paýtagtymyz ak mermerli Aşgabat döwletimiziň ýüzi diýlip hasap edilýär.Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda birnäçe gezek orun aldy.Biz geljekde-de paýtagtymyzy gurmagy dowam etmelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. «Altyn kölüň» kenarynda döwrebap binalary gurmak, şäheri ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň hem-de döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek öňdäki möhüm işleriň hatarynda görkezildi.

Bu taslamalar amala aşyrylanda, «akylly» jaýlary we öýleri gurmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga üns berilmelidir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we bu ugurda esasy maksatlary kesgitledi.

Şolaryň hatarynda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak; ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak; Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak; Türkmenistany agrar döwlet bolanlygyndan ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky tagallalarymyz netijesinde ýüze çykýan käbir meseleleri, mysal üçin, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, geljekde ykdysady mümkinçilikleri has-da berkitmek ýaly meseleleri çözmek; milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek; telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berjek hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek; ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly maksatlar bar.

Nygtalyşy ýaly, bularyň ählisi halkymyzyň, her bir raýatymyzyň bähbitlerine we geljegine diňe oňaýly şertleri döreder.

Biziň döwlet syýasatymyz jemi içerki önümiň jan başyna düşýän mukdaryny artdyrmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, netijede, ilatyň girdejilerini köpeltmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilendir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Bu syýasaty amala aşyrmak üçin ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply harytlary köp öndürmegi dowam etdirmek zerurdyr.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli, ussat hünärmenler bilen üpjün etmäge hem aýratyn üns bermelidiris. Biz ýaşlarymyzyň dünýäniň iň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişini halkara derejelere çykarmak arkaly bu möhüm meseläni çözüp bileris.

Ýokarda aýdylan toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde biz ýangyç-energetika toplumynda gury ýerde we deňizde nebitgaz känlerini özleşdirmek, köp mukdarda maýa goýumlaryny çekmek we dürli önümçilik desgalaryny gurmak arkaly, olaryň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmalydyrys. Şu işleriň netijeleri halklaryň bähbitlerine hyzmat etmelidir.

Gurluşyk serişdelerini öndürmekde-de baý tejribe toplandy diýip, Gahryman Arkadagymyz geljekde içerki bazarlarymyzy doly üpjün edýän we eksporta niýetlenen taýýar önümleri öndürmäge ukyply kärhanalaryň gurulmalydygyny nygtady.

Täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, energiýany paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, ulgamyň desgalaryny umumy halka birikdirmek, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyryp, daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny köpeltmek, içerki sarp edijileri doly we bökdençsiz üpjün etmek energetiklerimiziň baş wezipeleri bolmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşendigi bilen baglylykda, awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri gurmak, awtoulag, demir ýol, deňiz, howa üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny artdyrmak hem ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri diýlip hasap edilýär.

Bellenilişi ýaly, ýerli çig mal serişdelerini ulanmaga aýratyn üns bermek zerurdyr.Häzirki döwürde gurluşyk materiallaryny, himiýa senagatynyň önümlerini öndürmekde, dermanlary taýýarlamakda ýerli serişdeleri işjeň ulanýarys. Şunuň bilen birlikde, azyk önümlerini köp öndürmäge, azyk senagatynyň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmelidir.

Daşky gurşawa, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek, olary tygşytly ulanmak, tebigatyň arassalygyny saklamak boýunça geçirilýän işleri hem dowam etdirmek, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna suwaryşyň hilini gowulandyrmak we ýokary hasyl almak iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan maksatlar has düşnükli bolar ýaly, käbir durmuş wezipeleri barada ýatlatdy.Kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleriň netijesinde geljek ýedi ýylda biz aýlyk zähmet haklaryny artdyrmalydyrys. Önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmelidiris. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlaryň gönükdiriljekdigi bellenildi.

Ilatyň jan başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň meýdany ep-esli köpeler.Diňe ýaşaýyş-durmuş ulgamy boýunça köp sanly mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim, ýokary hünär bilim edaralary, häzirki zaman hassahanalary we medeniýet öýleri gurlar.

Men bu ýerde diňe bir ulgam boýunça ediljek işleri mysal getirdim. Şeýle mysallary beýleki pudaklar boýunça-da getirip bolar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy edilmeli işleriň has köpdügini, bu işleriň halkymyz, her bir raýatymyz bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, iş ýüzünde durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Men halkymyň güýjüne daýanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň her biriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz özüne ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Ýaşasyn, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan! Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, türkmen halkynyň rowaçlyklary dowamat-dowam bolsun! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly el çarpyşmalara eýe bolan şu ruhubelent sözler bilen çykyşyny tamamlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, şu gün döwletli maslahatyň geçirilendigini belledi. Agzybirlikde döwlet bähbitli we jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Şu günki kabul edilen Kanunlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berer diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Jemgyýetimiz ösýär, özgerýär, öňe barýar. Şeýlelikde, ýurduň hukuk binýadyny hem döwrüň talabyna laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýurduň, jemgyýetiň ösüşini, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, onuň goraglylygyny üpjün etmekde örän möhüm şertdir.

Biz hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar, parahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen kanunlary döwrümiziň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak işlerini mundan beýläk-de dowam etmelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Şu günki bilelikdäki mejlisde döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, Konstitusion kanunlar kabul edildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.Biziň öňümizde geljege gönükdirilen uly jogapkärçilikli wezipeler dur.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin biz mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň adyndan bildirilen ynamyň hemişe ödeljekdigine hem-de kanunlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga mynasyp goşandyň goşuljakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Şunlukda, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki mejlisi ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar. Döwlet senasy ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly barýan eziz Watanymyza hakyky buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi öz işini tamamlandan soňra, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri Gahryman Arkadagymyzy halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylmagy bilen gutladylar. Şeýle-de ýygnananlar hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlag sözlerini aýtdylar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli bu wakasy türkmen halkynyň köpasyrlyk demokratik ýörelgeleriniň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy meseleleri çözmekde tutuş halkymyz bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däpleriniň häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar bu çözgüdiň tutuş halkymyzyň erk-islegine daýanýandygyny belläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine ägirt uly goşant goşan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ählihalk tarapyndan kabul edilen bu çözgüdiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen özgertmeleriň oňyn netije bermegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyryp, bu çözgüdi goldandyklary üçin tutuş halkymyza ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTAN HALKARA ÜSTAŞYR ULAG GEÇELGELERI DÜZÜMINI GIŇELDÝÄR
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr
Pyragynyň eserleri, nesillere ruhy mekdepdir
Kitap geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri
Abadan ýurduň bagtyýar geljegi
Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy