Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy

Moskwa şäherinde Rus ruhy älem giňişliginde atly ilkinji kosmos fotosergisiniň Ýere dolanmagy mynasybetli dabaraly kabul edilişik geçirildi. 12 bölümden ybarat bolan sergi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň serkerdeligindäki Roskosmosyň kosmonawtlar topary Halkara kosmos stansiýasynda mahaly guraldy. Bu barada TASS habar berýär.

Sergä HKS-da 6 sany rus kosmonawty, 10 sany amerikan kosmonawty, şeýle-de Axiom Space syýahatçylyk missiýasynyň halkara ekipažy tomaşa edipdir. Serginiň guramaçylary bolup Roskosmos hem-de Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy çykyş edýär.

Taslamanyň jemleri boýunça Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gazansynyň medaly bilen sylaglanyldy.

Ýeri gelende, Oleg Kononenkonyň kosmosda geçirilen umumy wagty boýunça dünýä rekordynyň eýesi hökmünde şu ýylyň sentýabr aýynda bäşinji uçuşyndan gaýdyp gelendigini ýatladýarys. Onuň şu wagta çenli kosmosda geçiren günleriniň sany 1111-e deňdir.

Ýene degişli makalalar

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Kononenko üçin äleme ýörite sowgat eltiler
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi