Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony gazanan dünýä rekordy bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony gazanan dünýä rekordy bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we onuň üsti bilen Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda ýere golaý giňişlikde jemi müň gije-gündizläp bolmak mertligiň we gahrymançylygyň nusgasydyny, ähli adamzada wepalylygyň hem-de janyň-teniň bilen gulluk etmegiň mysalydygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistanyň Gahrymany, Siz älem giňişligini parahatçylykly özleşdirmäge, kosmonawtlaryň ählumumy ösüş maksady bilen geçiren ylmy-barlag, tejribe işleriniň netijelerini peýdalanmaga gönükdirilen pugta erk-islegiňizi görkezdiňiz. Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkonyň häzirki wagtda alyp barýan kosmos işiniň tamamlanylandan soň, türkmen halkynyň ony Magtymgulynyň şanly baýramçylygynda Türkmenistanda görmäge şat boljakdygyny nygtady we Oleg Kononenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko älem giňişliginde 878 gün, 11 sagat 29 minut we 48 sekunt geçirip, rekordy täzeledi. Oleg Kononenko häzirki wagtda älem giňişligine bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Kosmonawtyň ýyllyk ekspedisiýasynyň ahyrynda onuň älem giňişliginde bolmagynyň umumy dowamlylygy 1 müň 110 güne deň bolar.

1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg Kononenko älem giňişligine ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde amala aşyrdy. Oleg Kononenko ilkinji ekspedisiýasyndan gaýdyp geleninden soň, Russiýanyň Gahrymany we Russiýanyň Uçarman-kosmonawty diýen ada eýe boldy. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at berildi.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar