12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň häkimine we häkimiň orunbasaryna berk käýinç yglan etdi, Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenkony gutladylar, Aşgabatda hokkeý ýaryşyna petekleriň satuwy açyldy we beýleki habarlar Türkmenistanda 1.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa berk käýinç yglan etdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Baýrammyrat Gurbanowa berk käýinç yglan etdi hem-de kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy. 2.Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler. 3.

Wenada Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň mejlisi geçirildi, onuň dowamynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlise jemgyýetiň ýolbaşçylary we agzalary, Awstriýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabatdan onlaýn birikdirilen türkmen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow duşuşygyň hormatly myhmany boldy.Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger ýubileýi mynasybetli alan sowgady üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

4.Moskwada Türkmen şahyry, Gündogaryň filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşan goşandy atly mowzuk boýunça halkara ylmy maslahat geçirildi.Forum Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramaçylyk boýunça goldawlary esasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýada geçirilýän çäreleriň çäklerinde möhüm waka öwrüldi.

Maslahatyň dowamynda beýik akyldar şahyryň goşgulary okaldy, ussat sazandalar türkmen kompozitorlarynyň Magtymgulynyň goşgulary esasynda döreden aýdymlaryny we romanslaryny ýerine ýetirdiler. 5.Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Respublikanyň premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýanyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Taraplar Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde 6.Bukingem köşgünde patyşa Karl III öz şekili ýerleşdirilen täze banknotlaryň ilkinji nusgalaryny aldy.Iýun aýynda dolanyşyga girjek bu täze pul birlikleri britan monarhiýasynyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrýar.

Gowşuryş dabarasyna Angliýanyň Bankynyň dolandyryjysy Endrýu Beýli we baş kassir Sarah Jon gatnaşdy.Patyşa Karl III 5, 10, 20 we 50 funt nominaly bolan banknotlaryň hemmesinde şekillendiriler.Däp bolşy ýaly, 00001 belgili täze banknotlaryň ilkinji nusgalary monarha gowşuryldy. 7.

Malta jemgyýetçilik ulagy hökmünde dirižabllary ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýakyn geljekde adanyň ýaşaýjylary we myhmanlary dirižabl bilen goňşy Gozo adasyna we hatda Sisiliýa çenli syýahat edip bilerler.Häzirki wagtda Maltadan Gozo parom bilen, Sisiliýa bolsa parom ýa-da uçar bilen baryp bolýar.

Dirižabllaryň ornaşdyrylmagy zyýanly zyňyndylary 90%-e çenli azaltmaga mümkinçilik döreder.Sport habarlary

8.Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti 15 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirer.Duşuşyklar Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi we uly meýdançalarynda geçiriler.

Açylyş dabarasy 15-nji aprelde bolar.Duşuşyklaryň petekleri eýýäm Sport toplumynyň kassalarynda, Aşgabat we Berkarar söwda-dynç alyş merkezlerinde satyn almak üçin elýeterlidir.Bir petegiň bahasy 25 manat.

Bäsleşige 10 ýurtdan: Russiýadan, Belorussiýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Bahreýnden we Türkmenistandan hokkeý toparlary gatnaşar. 9. Özbegistanda geçirilen Georgiý Agzamowyň ýädygärligi atly 17-nji açyk halkara küşt ýaryşynda türkmen küştçüsi Jemal Öwezdurdyýewa ajaýyp netije görkezdi we iň güýçli A toparçadaky zenanlaryň arasynda birinji orny eýeledi.

Jemal Öwezdurdyýewa ýaryşyň dowamynda belarusly Alekseý Aleksandrow, russiýaly Igor Ýagupow, şeýle hem 14 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda dünýä çempiony bolan özbegistanly Afruza Hamdanowa ýaly meşhur grossmeýsterlerden üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Iki Aýda 6 Million 485 Müň 105 Dollarlyk Bal Eksport Edildi
Ançous Eksportundan 2 Aýda 1,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
2 Aýda 3,2 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi