Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi

Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi

Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko älem giňişliginde galmagyň umumy dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.

TASS agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko älem giňişliginde 878 gün, 11 sagat 29 minut we 48 sekunt geçirip, rekordy täzeledi.

Oleg Kononenko häzirki wagtda älem giňişligine bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Şeýle hem Oleg Kononenko şu ýylyň 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de älem giňişliginde 1 müň gün geçiren ilkinji adam bolar diýlip garaşylýar. Kosmonawtyň ýyllyk ekspedisiýasynyň ahyrynda onuň älem giňişliginde bolmagynyň umumy dowamlylygy 1 müň 110 güne deň bolar.

1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg Kononenko älem giňişligine ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde amala aşyrdy. Oleg Kononenko ilkinji ekspedisiýasyndan gaýdyp geleninden soň, Russiýanyň Gahrymany we Russiýanyň Uçarman-kosmonawty diýen ada eýe boldy. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at berildi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony gazanan dünýä rekordy bilen gutlady
Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar