Ahal welaýatynda iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Bu ýagdaý mal saklaýan adamlary we çopanlary alada goýýar, olar ýaýrap barýan keseliň sebäbini anyklamak we öňüni almak üçin çykalga gözleýändigini aýdýarlar.
Ahally çopanlar sygyrlara ýokýan hassalygyň nämedigini anyk bilmeýändigini, emma Mama keseline meňzedýändigini aýdýarlar.
"Men bir goşda ýokary wezipeli adamlaryň mallaryna seretýärin.Häzir mallara, hatda bakyma duran öküzlere Mama kesel ýokaşdy.Kesel ýolugan mal ilkinji gününden başlap işdäsi kesilip, hiç zat iýmän-içmän başlaýar we hökman öň ýa-da yz aýagynyň birini ýere basman, galdyryp saklap durýar.
Hamy digir-digir bolup, derisi çişýär, edil gurçuk dören ýaly bolup durýar" diýip, ahally çopan gürrüň berdi.
Mal saklaýan raýatlar we mal bakýan çopanlar mallaryny keselden goramak üçin weterinarlara ýüz tutýarlar. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ahally ýaşaýjylar ýerli mal lukmanlarynyň bejerginiň netije berjegine kepil geçip bilmeýändigini aýdýarlar.
"Mal lukmanlary 'malyň diri galjagyna garantiýa ýok, ýöne malyma seret diýseň seredäýmesem' diýip öz boýnundan jogapkärçiligi aýyrýarlar. Her mala urlan sanjym üçin 200-300 manat nyrh kesýärler. Mal eýeleri mallarym haram ölmese bolýar, diri galdyr diýip, soralan puly bermäge razy bolýarlar" diýip, mal eýesi gürrüň berdi.
Birnäçe aý bäri dowam edýärTürkmenistanda mallaryň keselden gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar birnäçe aý bäri dowam edýär.Awgust aýynda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Daşoguz we Balkan welaýatlarynda iri mallaryň kesele ýolugyp, ölýändigini we bu ýagdaýyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny habar beripdi. Şonda syryglaryň hiç zat iýmän haram ölýändigi, mal lukmanlary bu keseliň ýokançdygyny aýtsalar-da, oňa garşy çäre we derman tapylmaýandygy aýdylypdy.
Ahal welaýatyndaky häzirki ýagdaýda hem maldarlaryň ençemesi kesele garşy özbaşdak göreşmeli bolýandygyny aýdýarlar.
Öz hojalygynda mal saklaýan ahally ýaşaýjy üç sany sygyrynyň bardygyny we olaryň ählisinde kesel alamatlary peýda bolan badyna antibiotik dermanlary ýazdyryp, satyn alandygyny we öz mallaryny özi bejerendigini gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürleşen ýerli çopanlaryň biri hem sygyrlara ýokýan häzirki hassalygyň öňem bolandygyny belledi, emma lukmanlardan netijeli kömek alyp bilmeýändigini aýtdy.
"Men ýönekeý çopan bolanym üçin bu kesele ýolugan mallara şeýle bejergi bersek gowy bolardy diýip, aýtsam 'sen akylly bolsaň, bizi näme çagyrýaň' diýip, mal lukmanlary ýüzüňi alýarlar.Soňam, mal we goş eýeleri 'seniň beren iýmiňde ýa-da içiren suwuňda bir kem bardyr, biziň mallarymyz şondan keselleýän bolaýmasyn' diýip malyň keselinde meni günäli etjek bolýarlar" diýip, anonimlik şertinde gepleşen çopan gürrüň berdi.
Ýene bir ahally çopan mallary keselden halas etmek üçin bir mal lukmanynyň bejergisi netije bermese, başgasyny çagyrmaly bolýandygyny aýtdy. Emma lukmanlara tölenen puluň, netije bermedik halatynda maldarlar agyr maddy zyýan çekýär.
"Weterinar kesen nyrhyna görä pul alyp, soň başaramok diýip gidýär. Netijede häzir mallar kösenýär we hiç zat iýmän, ot-iýim iýmekden, suw içmekden galyp, gün-günden horlanýar. Mal eýeleri mallarynyň keselläp ölýänini görüp, gaty gynanýar we diri galan kesel mallaryny bazar bahasyndan satmakçy bolýarlar, emma bazar bahasyndan satmak kyn, sebäbi mal hor hem kesel" diýip, çopan gürrüň berdi.
Et söwdasyŞeýle-de bolsa, hassa mallary soýup, etini has arzan bahadan satýanlaryň hem az däldigini çeşmeler aýdýarlar.
"Bazarlarda we et dükanlarynda bir kilogram etiň bahasy 100 manat bolsa, araçylar hassa malyň etini 45-50 manatdan satyn almagy hödürleýärler. Mal eýeleri bu puly az görseler-de, iki gün mallary ot, iýim iýmese, suw içmese, onuň haram öljegini bilip, bu nyrh bilen razylaşýarlar" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Ahal welaýatyndaky mal hassalygy barada ýerli häkimiýet wekillerinden teswir alyp bilmedi.
Mallaryň hassalygyna degişli ýagdaý ýurtda et gytçylygynyň güýçlenmegine we etiň öň görlüp-eşidilmedik derejede gymmatlan döwrüne gabat geldi. Hususan-da, Aşgabatda soňky günlerde sygyr etiniň bir kilogramy 140 manada çenli gymmatlady, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 40 amerikan dollaryna barabar.
Türkmenistanyň hökümetiniň hasabatlarynda oba hojalygyndaky, şol sanda maldarçylyk pudagyndaky problemalar düýpden agzalmaýar. Ýurduň çäginde ýüze çykýan keselçilik, şol sanda mallaryň haram ölmegi barada habarlar döwlet mediasynda hem berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.