Ahaldaky täze paýtagt üçin 300 gektardan gowrak baglary kesdiler we bir obany göçürýärler

Ahaldaky täze paýtagt üçin 300 gektardan gowrak baglary kesdiler we bir obany göçürýärler

21-nji oktiýabrda prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň 30 kilometr günbatarlygynda gurluşygy gidýän täze şähere-Ahal welaýatynyň paýtagtyny gözden geçirdi we birnäçe taslamany makullady.

“Meteožurnalyň” jurnalistleri bu gurluşyk işlerinden owal we soňra Sputnikden alynan suratlary öwrenip, täze şäheri dikmek üçin 300 gektardan gowrak baglaryň we üzüm meýdanlarynyň weýran edilendiginiň anykladylar.

“Şol baglar hem üzümlikler onlarça ýyl mundan owal ekilipdi we olar Garagum kanalyndan suwaryş zeýkeşleri gurulmazdan öň müňlerçe ýyl mundan owal dag eteklerinden gaýalary alyp gidip, hasylly topraklaryň emele gelmegini üpjün eden Altyýab dag derýasyndan suwarylypdyr” diýip neşir ýazýar.

Türkmenistanda iň meşhur “Çüli” almalary ösdürilip ýetişdirilen 135 gektarlyk baglar kesildi.

Gurluşyk işlerinde 160 gektarlyk baga el degrilmedi.

Bu etrapda Türkmenistan üçin esasy üzüm ýetişdirýän ekerançylyk ýerleri bardy. Muňa garamazdan, 170 gektardan gowrak üzümlikler weýran edildi.

Baglardan we üzümliklerden başgada, Ahalyň täze paýtagtynyň demirgazyk çetindäki “Gorjaw” obasyny bütinleý göçürýärler.

Eger şäheriň taslamasyny kartanyň ýüzüne ýazsaň,onda obany ýok etmän, gurluşygy dolylygyna tamamlamagyň mümkin däldigi “göze dürtülip dur”. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň adminstratiw merkezi Änew şäheri bolup durýar.

Täze paýtagty gurmagyň göz öňünde tutulýandygy barada ilkinji gezek 2018-nji ýylyň oktiýabrynda prezident aýdypdy. Gurluşygyň ilkinji etabyny 2019-2021-nji ýyllarda, ikinjisini 2021-2022-nji ýyllarda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Resmi häkimiýetler welaýatyň adminstratiw merkezini göçürmegiň we täze paýtagty gurmagyň zerurlyklary barada hiç-hili düşündiriş bermedi.

Şäheriň iki kilometr günortasynda Türkmenistanda iň uly ippodrom-Halkara Ahal-teke atçylyk sport toplumy, haýwanlar bagy we türkmen elita maşgalasynyň ýaşaýan kaşaň jaýlar ýerleşýär.

The post Ahaldaky täze paýtagt üçin 300 gektardan gowrak baglary kesdiler we bir obany göçürýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler
Gurluşykçylar geçen ýyldan galan aýlyk haklaryny alyp bilmeýän wagty, TDH ýurduň gurluşyk pudagyny taryplaýar
Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar çykarylar
Ahalda gurulýan täze şäher sebäpli onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar ýok edildi
Ahalda gurulýan täze şäher sebäpli onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar ýok edildi