Ahalteke atym uçar ganatym

Ahalteke atym  uçar ganatym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahalteke atym uçar ganatym ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan Türkmen bedewiniň baýramyny bellenilmegi, ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýginiň, hormatyň nyşanydygyny belläp geçdiler.Bedew türkmeniň göwünlerini galkyndyryp toý-baýramlarynyň bezegi, buşlukçysy bolup durýandygy, şeýle-de Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, At agynan ýerde toý bolar, Atym bar, ganatym bar ýaly nakyllarda-da atyň halkyň durmuşynda mäkäm orun alandygy hakynda giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi
Atym bar ganatym bar
“Atym bar ganatym bar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi
Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan burawlanylýan guýularyň sany artýar