Atym bar ganatym bar

Atym bar  ganatym bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Atym bar ganatym bar atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergä işjeň gatnaşan suratkeşlerimize hormat hatlary gowşuryldy.

Sergi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de erkin suratkeşleriniň gatnaşmagynda gurnaldy.Olaryň arasynda Polat Garryýewiň Gadymy nusgalar, Güýz duýgulary, Meniň narym, Tutly obasy, Öwezgeldi Ýagmyrowyň Döwlet, Ak han, Sogap, Yhlas Allanazarowyň Garlawaç hakda rowaýat, Rahman Umarowyň Nesil, Aman Ataballyýewiň Gökdepe, Annajahan Garajaýewanyň Bedew, Mahmal bedew, Irina Dolgowanyň At heýkeljigi, Larisa Fominanyň Bedew, Atly, Konkur, Owgan Owganowyň Asman atlary, Gurban Babatäjowyň Türkmenleriň Anadoliýa ýörişi, Ýusup-Ahmet dessanyna, Gullyussa Kulyýewiň Gara at, Ok ýaýly at, Üç aýakda duran at, Baýram Mämiýewiň At döwletdir, Kakageldi Seýitmuhammedowyň Ahalteke atlary örüde, Merdan Kakabaýewiň Bedew, Baýramgeldi Geldiýewiň Şöhratly bedew, Atly gezelenç, Ruslan Abdullaýewiň Jelaletdin Manguberdi ýaly eserleri bellemäge mynasypdyr.

Sergide suratkeşleriň 125-den gowrak işleri bolup, olardan nakgaş, heýkeltaraş, grafika, ýaly sungat eserleri görkezildi.Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, Bedew baýramynyň gelmegi bilen baglanyşykly däp-dessurlarymyz, gözelligi hem-de owadan ahalteke atlarymyzyň ajaýyp keşbi şahyrana wasp edildi.

Sergide görkezilýän sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, owadan ahalteke bedewlerimiz, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi
Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan burawlanylýan guýularyň sany artýar
Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler
Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy