Türgenler taryhyň yzlaryny tapdylar

Türgenler taryhyň yzlaryny tapdylar

Italiýada Adriatik deňziniň kenaryndaky Konero dagyna dyrmaşýan türgenler pyşbagalaryň aýak yzlarynyň üstünden bardylar.Daga dyrmaşyjylar täsin çukurjyklary görenlerinde, bu ýagdaýy geologlara habar berdiler.Geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu yzlaryň 80 million ýyl töweregi ozal deňiz pyşbagalarynyň aýak yzlarydygy anyklandy.

Alymlar şol döwürde güýçli ýertitremäniň bolandygyny, ýüzlerçe deňiz pyşbagasynyň deňziň aşagyndan ýokarlygyna tarap ýöräp başlandygyny anykladylar.Adatça, deňizde emele gelýän aýak yzy gysga wagtdan suwuň akymy bilen ýitip gidýär.

Emma ýertitremäniň yzýany çogup çykan suwasty läbik täze aýak yzlaryň üstüni örtüpdir. Şeýlelikde, olaryň millionlarça ýyl saklanyp galmagyna sebäp bolupdyr.

Rüstem Mämmedow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Ýer ýüzüniň iň gadymy derýasy
Köýtendagyň täsinlikleri: Gaýnarbaba çeşmesi
Hindistanda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda Türkmenistana alty agyr atletikaçy wekilçilik eder
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Balkan topragynda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi