Hindistanda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda Türkmenistana alty agyr atletikaçy wekilçilik eder

Hindistanda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda Türkmenistana alty agyr atletikaçy wekilçilik eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde badalga alan 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň adyndan alty türgen çykyş eder.Halkara ýaryş dünýäniň 28 ýurdundan gelen 172 agyr atletikaçyny jemledi.

Olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesi boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler.Biziň toparymyzdan ilkinji bolup 14-nji maýda Bunýad Raşidow (71 kg çenli) we Bektimur Reýimow (79 kg çenli) çykarlar.

Ertesi gün 88 kilograma çenli agram derejesinde Ramazan Töräýew we Gaýgysyz Töräýew medallar ugrunda güýç synanyşarlar. 94 kilograma çenli agramda Türkmenistana Rüstem Annaberdiýew wekilçilik eder.Türkmen agyr atletikaçylarynyň Aziýa çempionatyndaky çykyşlaryny 110 kilograma çenli agram derejesinde Dawranbek Hasanbaýew tamamlar.

Hindistan 44 ýyllyk arakesmeden soňra ikinji gezek agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny kabul edýär.Mundan ozal bu ýurtda yklym birinjiligi 1982-nji ýylda geçirilipdi.Ol bäsleşik IX Aziýa oýunlarynyň çäklerinde Deli şäherinde guralypdy.

Hytaýyň Szýanşan şäherinde geçirilen geçen ýylky Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary jemi 6 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç baýrak bilen dokuzynjy orny eýelediler.

Toparymyza üç medaly silterläp götermekde altyn (182 kg), itekläp götermekde (195 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (377 kg) bürünç medallary Dawranbek Hasanbaýew (102 kg çenli) getirdi.Türgenlerimiz 73 kilograma çenli agram derejesinde hem iki medala mynasyp boldular: Bunýad Raşidow silterläp götermekde 150 kilogram netije bilen kümüş, Bektimur Reýimow bolsa şol bir maşkda 148 kilogram agyrlygy göterip bürünç medal gazandy.

Toparymyzyň ýene bir bürünç medalyna 87 kilograma çenli agramda itekläp götermekde (138 kg) üçünji netijäni görkezen Anamjan Rustamowa mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly