Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar

Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy şu ýylyň 17 ― 25-nji iýul aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Yklym ýaryşyna Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyny Ahmet Saryýew, ýaşlary Mansur Rejebow, gyzlary bolsa Gurbandurdy Amanow taýýarlady.

Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyna Perhat Bagtyýarow (55 kilogram), Suraj Sapaýew (89 kilogram) we Saparly Muhyýew (96 kilogram) dagylar wekilçilik eder. Bektimur Reýimow (73 kilogram), Gaýgysyz Töräýew (73 kilogram), Şahzad Matýakubow (81 kilogram), Ýazmämmet Annalyýew (81 kilogram), Şageldi Baýramgeldiýew (89 kilogram), Batyr Atabaýew (96 kilogram) we Atajan Daýyýew (109 kilogram) dagylar ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlara gatnaşar.

Gurbandurdy Amanow bolsa 45 kilogramda Ogulşat Amanowany, 55 kilogramda Ogulgerek Amanowany, 59 kilogramda Gülälek Kakamyradowany, ýene şol agram derejesinde Medine Amanowany we 81 kilogramda Anamjan Rustamowany ýaryşa taýýarlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler
Ildeşlerimiziň Dünýä çempionatyndaky üstünligi
Türkmen agyr atletikaçylary ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýar
Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy
11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly