Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar şu gün Tailandyň Phuket şäherinde başlanan, dünýäniň 109 döwletinden 450 türgeni özünde jemlän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar.

Dünýä çempionaty, şol bir wagtyň özünde, Olimpiýa oýunlary ― 2024-iň saýlama tapgyrydyr. Şu ýaryşyň netijeleri boýunça her agram derejesinde ilkinji 10-luga girip bilen agyr atletikaçylar Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma alarlar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna 9 türgen bilen gatnaşýar.

Ýurduň zenanlar ýygyndysyna Kristina Şermetowa (59 kilograma çenli) bilen Anamjan Rustamowa (81 kilograma çenli) wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň hatarynda bolsa Seýitjan Mirzaýew (61 kilograma çenli), Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow (ikisi hem 73 kilograma çenli), Maksat Meredow (81 kilograma çenli), Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şöhradow (ikisi hem 89 kilograma çenli), Döwranbek Hasanbaýew, Şahzadbek Matýakubow (ikisi hem 102 kilograma çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kilogramdan ýokary) dagylar bar.

Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň çykyşlaryna 2-nji aprelde Seýitjan Mirzaýew badalga berer. Ondan bir gün soňra zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa ýaryşar. 4-nji aprel güni Raşidow bilen Reýimow, 6-njy aprelde Meredow, Töräýew Şöhradow agyrlyk göterer.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň çykyşlary 8-nji aprelde Hasanbaýewdir Matýakubowyň çykyşy bilen dowam eder. 9-njy aprelde Rustamowa medallar üçin göreşer. Ýaryşyň ahyrky gününde ― 11-nji aprelde bolsa Toýçyýew Olimpiýa ýollanmasyny almak üçin göreşe goşular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy