Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy

Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy

AFK Çempionlar ligasy 2023/24-iň birinji tapgyryndan orun alan Ahal — Al-Feýha oýnuna 19966 sany janköýer stadionda tomaşa etdi. Bu barada duşuşyga gatnaşan Turkmenportalyň habarçysy habar berýär.

Ahal — Al-Feýha oýny Aşgabat köpugurly stadionynda geçirildi. Duşuşyga iordaniýaly referi Adam Mahadmehiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi. Oýun 1:0 hasabynda Ahalyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 51-nji minutda Elman Tagaýew Al-Feýhanyň derwezesine ýerledi.

Oýundan soňky metbugat konferensiýasynda Saud Arabystanynyň Al-Feýha toparynyň baş tälimçisi Wuk Raşowiç Ahaly on ikinji oýunçy hökmünde birkemsiz goldamagy başaran türkmen janköýerlerine ýokary baha berdi.

Ýeri gelende bellesek, Ahal AFK Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynda BAE-de Al-Aýnyň myhmany bolar. Al-Feýha bolsa Özbegistanyň Pahtakoryny kabul eder. Duşuşyklaryň ikisi hem 3-nji oktýabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy