Ahalyň Şabab Al-Ahli bilen boljak duşuşykdaky esasy düzümi belli boldy

Ahalyň Şabab Al-Ahli bilen boljak duşuşykdaky esasy düzümi belli boldy

Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-nji 1-nji tapgyrynda BAE-niň Şabab Al-Ahlisi bilen geçirjek duşuşygyndaky esasy düzümi belli boldy.

Jogapkärli duşuşykda derwezäni Resul Çaryýew gorar. Şeýle hem meýdanda Şöhrat Söýünow, Abdy Bäşimow, Mirza Beknazarow, Selim Nurmyradow, Ybraýym Mämmedow, Meýlis Diniýew, Resul Hojaýew, Serdar Geldiýew, Ata Geldiýew we Elman Tagaýew (kapitan) dagylar çykyş eder.

Duşuşyk şu gije Aşgabat wagty bilen 01:15-de Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki Patyşa Abdalla Sports Siti stadionynda başlanar.

Ahal bilen Şabab Al-Ahli AFK-nyň Çempionlar ligasynyň taryhynda biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Ahalyň Fulad bilen boljak duşuşykdaky başlangyç düzümi belli boldy
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky jemleýji duşuşygynda Al-Garafadan üstün çykdy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
AÇL 2023/24: Ahal Al-Feýhany ýeňlişe sezewar etdi