Ahmet Ataýew tälimçiligiň A derejesi boýunça okuwlara gatnaşýar

Ahmet Ataýew tälimçiligiň A derejesi boýunça okuwlara gatnaşýar

Altyn asyryň kapitany Ahmet Ataýew tälimçiligiň A derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin Aşgabatda geçirilýän okuwyň birinji tapgyryna gatnaşýar.

TFF-niň resmi saýty okuwlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde guraýandygyny habar berdi.

Köpetdag stadionynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow çykyş edýär.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýerli futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

AFK-nyň “A” derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin tälimçilik kursunyň birinji tapgyry 5-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň ilkinjisi şu ýylyň iýun aýynyň 14-24-i aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň jemleýji tapgyry alnyp barylýar
Altyn asyr Aziýanyň Çempionlar ligasynyň duşuşygynda Eýr Fors toparyndan ýeňildi
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi