Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi

Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi

Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Birinji hem-de ikinji modullary 2-nji sentýabra çenli dowam etjek tälimçilik okuwynyň birinji gününde gatnaşyjylar nazaryýet sapaklaryny geçdiler. Okuw sapagy 22-nji awgustda Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda tejribe sapaklary bilen dowam eder.

Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow kömekleşýär.

Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli tälimçileriň 15-si gatnaşýar (Türkmenistanyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň hem-de ýygyndy toparyň tälimçileri).

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwy 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly aralygynda geçiriler. Dört tapgyrda geçiriljek tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolar. Onuň ikinji hem-de üçünji modullaryny şu ýylyň dowamynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi
Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar
Ahmet Ataýew tälimçiligiň A derejesi boýunça okuwlara gatnaşýar