AIMGB Aziýa sebitindäki taslamalara 13 milliard ABŞ dollaryny goýbermekçi

AIMGB Aziýa sebitindäki taslamalara 13 milliard ABŞ dollaryny goýbermekçi

Hytaýyň Urumçy şäherinde Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIMGB) wekilleri bilen Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) institutynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “ORIENT.tm” çarşenbe güni habar berdi.

AIMGB-niň ýolbaşçysy Konstantin Limitowskiý bankyň görkezilen taslamalary üçin 13 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny bölüp bermäge taýýardygyny aýtdy.

AIMGB-niň we MASYH-yň ýolbaşçylary Merkezi Aziýadaky söwda päsgelçiliklerini aýyrmak üçin bilelikde işlemegiň ähmiýetini belläp geçdiler.

Häzirki wagtda 22 milliard ABŞ dollary möçberinde borçnamalary bar bolan dünýäniň 104 ýurdy maliýe birleşiginiň agzasydyr. Bank Özbegistanyň suw we transport pudaklarynda, Täjigistanyň energetika pudagynda, şeýle hem Gazagystanyň býujet goldawy bilen baglanyşykly taslamalarynda işjeň çykyş edýär.

MASYH Instituty Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý Halk Respublikasy, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen bilelikde dolandyrylýan hökümetara guramadyr. Onuň esasy maksady gurama girýän döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy
Hytaý türkmen gaz lukmasyndan ýene uly bölegi goparmaga çalyşýar
Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy