Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar

Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar

Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy Urumçi (Hytaý)-Aşgabat (Türkmenistan)-Urumçi (Hytaý) ugry boýunça ýolagçy howa gatnawynyň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirýär.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylýar.

Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy ýolagçylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça howa gatnawynyň sanyny köpeltmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belavia” döwlet awiakompaniýasy 12-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda diňe sişenbe günleri däl, eýsem, duşenbe günleri hem Türkmenistana awiagatnawy amala aşyryp başlar.

Ýene degişli makalalar

Urumçy-Aşgabat uçuşy Hytaýyň MA ýurtlary...
Dubaýda awiasergi badalga berildi
Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
AIMGB Aziýa sebitindäki taslamalara 13 milliard ABŞ dollaryny goýbermekçi
Tanslaryň Arzuwy- dostlukly ýüpek ýoly
Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy