Dubaýda awiasergi badalga berildi

18-nji noýabrda “Dubai World Central” merkezinde 19-njy Halkara Dubaý awiasiýa sergisi (Dubai Airshow) açyldy. “Geljek eýýäm şu ýerde” temasy bilen geçirilýän bäş günlük çäre 1500-den gowrak eksponenti, şol sanda ilkinji gezek gatnaşýan 440 gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

Söwda, harby we hususy uçarlardan başlap, pilotsuz uçýan enjamlara we täze nesil awiasiýa tehnologiýalaryna çenli 200-den gowrak uçar görkezilýär” diýip, guramaçylar habar berdiler.

Bu ýylky çärä Hytaýyň awiasiýa kompaniýalaryndan 100-e golaýy gatnaşýar. “C919”-yň öndürijisi bolan Hytaýyň “Commercial Aircraft Corporation of China” (COMAC) kompaniýasy “C919” hem-de “C909” uçarlaryny görkezdi. “China Southern Airlines” awiakompaniýasy hem bir sany “C919” getirdi. Şeýlelikde Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek Hytaýda öndürilen ýolagçy uçary görkezildi.

Dünýäniň iň uly howa sergileriniň birinde Hytaýyň pilotsuz uçarlary, şeýle hem dikligine uçup hem gonup bilen howa gämileri köpleriň ünsüni çekdi. Iki ýylda bir gezek geçirilýän sergä şu ýyl 148 müň myhman gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Halkara sergide täze uçarlar sargyt edildi
Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa, Jidda, Abu-Dabä howa gatnawlaryny aprele çenli togtatdy
Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady