Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy

Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy

Türkmen türgeni Jora Öwezmyradow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy.Dubai International Doka Cup 2026 atly halkara karatedo ýaryşy Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirildi we 18 ýurtdan 697 türgeni bir ýerde jemledi.

Jora Öwezmyradow 55 kilograma çenli agram derejesinde kumite görnüşi boýunça çykyş edip, iň ýokary derejeli baýrak altyn medaly gazandy. Ýaryşyň ýeňijisi Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synpynda okaýar.

Ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy