AJAÝYP KÖÝTENDAG

AJAÝYP KÖÝTENDAG

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ähli ulgamlarynda köpugurly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler häzirki wagtda dünýäde ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän ugur bolan syýahatçylyk pudagynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyk we ony ösen döwletleriň tejribesine eýerip yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.

Dünýä ýurtlarynyň tejribesinde syýahatçylygynyň dürli görnüşleri bardyr.Olara taryhy medeni ýadygärliklere syýahat, şypahanalara syýahat, ekosyýahat, dag-çöl landşaftyna, tebigy ýadygärliklere syýahat we beýlekiler degişlidir.Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, derýasy, deňzi bolan Türkmenistan özünde tebigatyň birnäçe ajaýyplyklaryny we tebigy ýadygärlikleri özünde jemleýär. Şolaryň arasynda Köýtendagyň ýerasty gowaklary we dereleri özüne çekijidir.

Watanymyzyň bu ajaýyp künjegine ýöne ýerden Köýtendagyň ýer asty şalygy diýilmeýär.Belent dag gerişleri öz goýnunda karst gowaklarynyň 60-a golaýyny saklaýar.Olardan Gapgotan, Haşymoýuk, Gülşirin ýaly gowaklary bellidir.

Bilşimiz ýaly, dünýä ýüzünde karst gowaklarynyň (Abhaziýadaky Nowaýy Afon, ABŞ-daky Karlsbad gowagy, Köpetdagdaky Köw-Ata gowagy) amatlysy speleoturizmi ösdürmekde üstünlikli peýdalanylýar.

Häzirki wagtda Köýtendagyň gowaklarynyň hem syýahatçylygy köp ugurlaýyn ösdürmekde uly geljegi bar.Biziň bilşimiz ýaly bu gowak dünýädäki ençeme karst gowaklarynyň içinde ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin bu gowaklar köp taraplaýyn öwrenilýär.

Gap-Gotan gowagynyň häzirki ýagdaýy syýahatçylyk gatnawyny guramak üçin ykdysady taýdan has oňaýly, onuň şeýledigini beýleki gowaklar bilen deňeşdireňde bu gowaga barmagyň aňsatlygy bilen hem-de gaýtalanmaýan tebigy gözelligi düşündirilýär.

Gap-Gotan gowagyndaky stalaktitler, stalaglomitler, gelektitler we beýleki tebigy döremeler has ünsüňi özüne çekýär.Gülşirin gowagy-da ilki başlangyç görnüşini üýtgewsiz saklan gowaklaryň biridir.Köýtendagyň gaýtalanmajak täsinlikleriniň ýene biri dinozawrlaryň aýak yzlarydyr.

Bu äpet süýrenijiler mundan takmynan 140-150 million ýyl ozal ýaşapdyrlar.Biziň daglarymyzda duş gelýän aýak yzlary dünýäniň beýleki ýerlerindäki aýak yzlaryna garanyňda köp we takyklygy bilen tapawutlanýar.

Bu ýerde äpet jandaryň aýak yzlarynyň dört ýüzden gowragy saklanyp galypdyr.Dinozawrlaryň aýak yzlaryny synlanyňda olaryň birnäçesiniň süri bolup tirkeşip barýandygy bir pursat göz öňüne getirmek bolýar.Dag daşlarynda galan dinozawrlaryň aýak yzlary ýeriň emele gelşiniň geologiki taryhyndan habar berýär. Şonuň üçin bu tebigy ýadygärligi öwrenmek palentolog alymlar üçin has gyzykly ylmy maglumatlar köpdür.

Köýtendagyň ýene bir täsinligi bu ýerde seýrek duş gelýän ösümlikler we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar.Köýtendagda ösýän hoz agajy, arnap tokaýlygy, zerewşan arçasy, guzy guýruk kömelegi aýratyn öwrenmäge mynasypdyr. Ýabany şertlerde ösýän ösümlikleri medeni zolaklara uýgunlaşdyryp ösdürmek ylmyň, tehnologiýanyň ösen döwründe kyn däldir. Şeýle ajaýyp landşaftda, ösümlige baý ýerde haýwanat dünýäsiniň özüne çekijiligi tebigy zatdyr.

Bu ýerde duş gelýän dag tekesi we dag goçy kertgaýa şertlerinde ýaşamaga berk uýgunlaşandyr.Dünýäniň başga ýerinde duş gelmeýän Köýten kör balygy hem berk gorag astynda saklanýar.Dünýä faunasynyň gymmatly görnüşleriniň biriniň bu toprakda saklanyp galmagynyň özi türkmen halkynyň müň ýyllyklaryň dowamynda tebigata aýawly saklandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda haýwanlaryň bu görnüşlerini san taýdan köpeltmek üçin zerur şertler döredilýär.Köýtendagyň ajaýyp tebigatynyň geljegi örän uludyr.Bu ýerde seýrek duş gelýän haýwanat we ösümlik dünýäsini köpeltmek bilen, milli seýilgähleri döretmäge möhüm şertler bar.

Köýtendag geografiki ýerleşişi boýunça Pamir-Alaý dag sistemasynyň Gissar belentlikleriniň Türkmenistanda ýerleşýän gerşidir.Türkmenistanyň iň beýik dag gerşi ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän beýikligi deňiz derejesinden 3139 metr Aýrybaba belentligidir.

Dury suwly çeşmeleri, dagdan inýän şaglawuklary göreni haýrana goýýar.Dag gerişleri özünde Hojagarawul deresi, Daraý dere, Kyrkgyz deresi, Ummar dere şaglawugy, Gaýnarbaba çeşmesi ýaly çeşme-çaýlary bilen bellidir.

Köýtendagyň ajaýyp ýerlerine bir gelip gören, ikinji gezek ýene-de görmegiň arzuwyndadyr.Onuň çarkandakly belent gerişleri dag sportyny söýýänleri özüne çekýär.Gözellikleri özünde jemleýän Köýtendag her pasylda üýtgeşik owadan bolýar. Ýazyna kalbyňy heýjana salýan al-elwan gülälekleri, çigildemleri guşlaryň hoş owazlary bilen, jöwzaly tomusda salkyn howasy, çeşme-çaýlary bilen, altyn güýzde miweli başyny aşak egip oturan, sary ýaprakly daragtlary, ekiz owlaklaryny yzyna tirkäp ýören dag tekeleri bilen özüne maýyl edýär.

Ene ýeriň dynjyny alýan gyş paslynda bolsa, beýik dag gerşi ak garlara ýassanýar. Şonuň üçin Köýtendagyň her pursady ajaýyplyklardan doludyr.

Ýene degişli makalalar

16.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň nyşany dünýäniň iň beýik depeleriniň biri Abu Ali ibn Sina nokadyna çykaryldy
“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň nyşany Pamiriň ýedi müň metrlik belentligine çykaryldy
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär
Alekper Ahmedow halkara dag marafonynyň ýeňijisi
Köýtendagyň gyş manzarlary