Prezidentiň garyndaşynyň awçylary kemsidýän wideosy seslenme döretdi

Prezidentiň garyndaşynyň awçylary kemsidýän wideosy seslenme döretdi

Serdar Berdimuhamedowyň garyndaşy çöle awa çykan wagtynda duş gelen awçylara zorluk görkezip, olary urmak we kemsitmek ýaly hereketlerini wideo düşürtdi. Sosial ulgamlara syzan bu wideo habar serişdeleriň ünsüni çekdi we türkmen jemgyýetinde uly seslenme döretdi.

30-njy oktýabrda türkmen aktiwisti Nurmuhamet Annaýewiň blogynda çap bolan 12 minutlyk wideoda ençeme erkek adamyň jemlenip, çöle awa çykandygyny görkezilýär.

Türkmen.news neşiri wideodaky adamlaryň biriniň döwlet baştutanynyň kakasynyň aýal dogany tarapyndan garyndaşy Jumamyrat Rejepowdygyny ýazýar. Jumamyrat Rejepow Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly aýal doganynyň adamsy Annanazar Rejepowyň ýegeni.

Wideoda ýaragly ençeme adamlaryň Garagum çölünde bikanun aw awlaýandygy, bir-birine gullukdaş diýip ýüzlenýän adamlaryň arasynda döwlet haýwanat dünýäsi inspektorlarynyň hem bardygy görkezilýär.Birnäçe awtoulagda çöle çykan bu topar awçylar toparyna duş gelip, olara berk daraýar.

Paýyş sözler bilen awçylary kemsidýän, olaryň ellerindäki awlaryny alyp, kamera atlaryny we beýleki şahsy maglumatlaryny aýtmaga mejbur edýän Jumamyrat Rejepow.Wideoda özlerini Mary welaýatynyň ýaşaýjylary diýip tanadan adamlar Rejepowyň gödek kemsitmelerine sezewar bolýar.

Prezidentiň garyndaşynyň "çöldäki keýpi-sapasyny" we "eden etdiligini" görkezýän sosial ulgamlardaky bu wideo türkmenistanlylaryň arasynda uly seslenme döretdi.

Türkmenistanly ýaşaýjylar bu wideodaky birinji maşgalanyň garyndaşlarynyň adaty türkmen raýatlaryna bolan äsgermezlik, tireparazlyk we hormatsyzlyk garaýyşlaryny ýiti ýazgarýarlar. Azatlyk Radiosyna gelen teswirlerde "şeýle hili tertipsizlige" hut Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi "çydamlylyk bildirýär" diýen pikirler orta atyldy.

Habarçylarymyz bilen gürrüňdeşlikde ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýan, dürli ýaşdaky we býujet, harby, kanun goraýjy edaralarda hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda işleýän raýatlar, studentler, pensionerler ýurtda bar bolan ähli kemçilikleri ýaşyrýan, adaty raýatlary berk "ahlak, tertip-düzgün, millilik" talaplary astynda saklaýan Berdimuhamedowlaryň özleriniň garyndaşlarynyň aç-açan ýagdaýda "ahlaksyz, baryp ýatan tireparazlyga, jenaýatçylyga, korrupsiýa we garakçylyga ýugrulan hereketleri" edýändigini belleýärler.

Paýtagtyň ÝOJ-larynda bilim alýan ýaşlaryň ençemesi habarçylarymyz bilen gürrüňdeşlikde ýaşlaryň arasynda Rejepowlaryň özüni alyp barşyna negatiw seredilýändigini aýdyp, bu meselede prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem öz kakasy ýaly dymmagy türkmen ýolbaşçylaryna bolan ynamsyzlygy has hem artdyrýar diýýärler.

"Prezident we has hem onuň kakasy her çykyşynda ahlak, edep-ekram hakynda nutuk okaýar, ýöne welin öz garyndaşlary Rejepowlara kelam-agyz söz aýdyp bilenok. Diýmek, Berdimuhamedowlar üçin Rejepowlaryň ýaşaýyş-durmuşy 'ahlaksyz' däl bolmaly" diýip, TDU-nyň studenti aýtdy.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgärleri hem ýurtdaky soňky ýyllarda çagşap barýan kriminal we jenaýatçylyk ýagdaýynda Rejepowlaryň ornunyň bardygyny we bu meseläniň çuňlaşmagyna Berdimuhamedowlaryň dymmagynyň sebäp bolýandygyny bellediler.

"Ýegenler edenini edip ýörler, ýurtda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňem onçakly uly bolmadyk abraýyny olar has beter depgileýärler.Olar öz hereketleri bilen kanuna, düzgüne hiç hili hormatynyň ýokdygyny görkezýärler.

Bu ýagdaýdan Serdar we onuň kakasy habarly, ýöne hiç hili reaksiýa bildirip bilenoklar.Netijede, gitdigiçe ýurtda Rejepowlaryň şüweleňli durmuşyndan 'görelde alýan' beýleki gurply, ministr, emeldar maşgalalaryň çagalary we ýaşlarynyň sany köpelýär.

Sebäbi ýurtda kanun, tertip-düzgün diňe garyp, pukara halka ýa öz hak-hukugyny talap edýänlere repressiw basyş guraly hökmünde ulanylýar, birinji maşgala üçin kanun keçedenem aşakda " diýip, paýtagtyň bir sülçüsi anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçylarymyz bilen gürleşen welaýatly ýaşaýjylar ýurtdaky tireparazlyk, milletparazlyk, çydamsyzlyk ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hut birinji maşgalanyň we onuň garyndaşlarynyň jogapkärçiligi bar diýýärler.

"Eger Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleri we olaryň ýakynlary şu derejede tireparaz, garasöýmez bolsa, onda prezident maşgalasy nähili?" diýip, maryly ýaşaýjy belleýär.

Sosial mediadaky teswirlerde türkmenistanlylar bu wideony ýiti tankydy we köp ýerlerde paýyş sözler bilen teswirleýärler. Türkmenistanly synçylaryň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň halka görkezýän basyşy we alyp barýan "ahlak, lybas" syýasaty onýyllyklaryň dowamynda görlüp-eşidilmedik açyk pikir alyşmalara, tankydy reaksiýa itergi berdi.

Soňky günlerde şol wideoşekile reaksiýa bildirýän raýatlaryň arasynda protest meýilli we režimiň eden-etdiligine protest bildirmegi makullaýanlaryň sany hem göz-görtele köpelip ugrady.

"Türkmen režimi halk bilen dialogy ýola goýmagyň deregine şol öňki, köneden galan repressiw gurallaryny ulanmagy saýlap alýarlar, emma soňky wagtlarda bu 'usulyň' indi ilat arasynda öňküsi ýaly ählumumy gorkyny döredip bilmeýändigi görnüp dur" diýip, türkmenistanly synçy belledi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, häzir şu wideony gören adamlar ony birek-biregi bilen paýlaşýarlar. Şeýdip, wideony ilatyň dürli gatlaklary görüp, pikir paýlaşyp bilýär.

"Bu adamlaryň süri-süri goýun-geçileri bar, ellerinde aw tüpeňleri bar, ok näçe diýseň bar, emma aw edýäris diýip, ýekeje-de sülgün ýa-da ördek atyp bilmän, Marydan gelen 3-4 sany oglanyň atyp alan aw guşlaryny we meýdan doňuzyny ellerinden alyp, özleriniň 5 sany sülgüne mätäçligini görkezdiler.

Wideoda millet parazçylyk edip Mary welaýatyna paýyş söz ulandylar.Welaýatyňa sögüp dursalar gowy däl diýip ýaşuly adamlar aýdýar" diýip, ýene bir türkmenistanly aýdýar.

30-njy oktýabrda sosial mediada peýda bolan, soň öçürilip, gysga wagtdan soň ýene-de ýüklenen bu wideo ýazgysynyň haçan we nirede düşürilendigi anyk belli däl.Adamlaryň çölde, dynç alan pursadynda we nahar başynda edýän gürrüňlerini we hereketlerini görkezýän wideonyň bir ýerinde olaryň Azatlyk Radiosyny diňleýändigini belli bolýar.

Gepleşigiň ýazga düşen şol böleginde 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda efire berlen makaladan fragment eşidilýär.

Wideodaky Jumamyrat Rejepowyň agasy Annanazar Rejepow Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly gyz doganynyň adamsy. Rejepowlar maşgala agzalarynyň bikanunçylyklary we eden-etdilikleri bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi barada öňem köpçülige mälim bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz media serişdeleri Türkmenistanyň öňki prezidentiniň ýegeni we häzirki prezidentiň doganoglany Şamyrat Rejepowyň adaty adamlar babatyndaky zulumkeş hereketleri we onuň korrupsiýa dawalary bilen ilteşigi barada ençeme gezek maglumat çap edipdi, şol sanda 2024-nji ýylyň dekabrynda Şamyrat Rejepowyň Aşgabadyň meşhur "Gül Zemin" söwda merkezindäki "Sky-bar"-da müşderileri ýenjip kemsitmegi barada habar berlipdi.

Il içinde “Şammy bikanunçy” ady bilen tanalýan Şamyrat Rejepow, Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly gyz dogany Durdynabat Rejepowanyň ogullarynyň biri, şeýle-de öz daýzasy Gülnabat Döwletowanyň giýewsi.

Şeýle-de, 2023-nji ýylyň 5-6-njy maýynda prezidentiň garyndaşlarynyň Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinden 300 kilometr uzaklykdaky Köýtendaga dynç almaga barmagy adaty raýatlaryň durmuşyna erbet täsir edipdi. Tebigy goraghanalar, dag gerişleri, gowaklar, ýylysuw çeşmeleri, şeýle-de Türkmenistanyň 3200 metrlik iň belent Aýrybaba belentligi ýerleşýän sebit doly ýapylypdy.

Köýtendagda bolan ýene bir waka 2018-nji ýylyň tomsunda prezidentiň garyndaşlarynyň gezelenje gelmegi zerarly diňe bir sebiti petiklemek bilen çäklenmän, olaryň uçmaly Türkmenabat-Aşgabat arasynda gatnaýan bir uçarynyň bortundaky 160-dan gowrak ýolagçy düşürilipdi.

Agzalan ýagdaýlaryň hiç birine türkmen ýolbaşçylary tarapyndan resmi reaksiýa görkezilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan gazetinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi
DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞ WASPÇYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan Dünýäniň merjeni 2022 bäsleşigine gatnaşdy, aşgabatly konditeriň hakyky şekillere meňzeş tortlary, bilelikdäki rus-türkmen uniwersiteti we beýleki habarlar
Türkmenistan bilen Marokkanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maslahat geçirildi
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler