Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi

Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi

Maglumatlara görä, 18-nji ýanwar gijesi Stambulda ýaşaýan blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew geçen hepde zor bilen Özbegistana iberildi diýip adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondynyň” (THF) wekili Annadurdy Hajyýew we “Memorial” merkeziniň başlygy Witaliý Ponomarýow habar berýärler.

Bu barada THF-ne aklawjy Awdulhalim Ýylmaz habar berdi.

Garagalpagystanly Jumamyrat Dädebaýew soňky iki ýylda türkmen we özbek aktiwistleriniň hereketlene işjeň gatnaşypdy. Iki ýyl mundan öň özbek häkimiýetleri ony “terrorizmde” aýyplap, Interpol arkaly gözleg yglan edipdiler.

2020-nji ýylyň oktiýabrynda türkmen aktiwistleriniň protesti wagtynda polisiýa Dädebaýewi tutupdylar. Mundan 6 aý soňra kazyýetiň karary bilen raýat aktiwisti deportasiýa merkezinden çykarylypdy.

17-nji dekabrda aktiwist “Oguzboýy”medeni, hyzmatdaşlyk we bilim jemgyýetiniň Stambulyň Kadyköý etrabyndaky ofisinden çykanda, özüniň näbelli adamlar tarapyndan yzarlanýandygyna göz ýetirdi.Soňra tanyşlary bilen söhbetleşende,olaryň “özbek ýörite gulluklarynyň agentleri” atlandyryldy. Çagyrylan polisiýa wakanyň bolan ýerine geldi we 20-nji dekabrda hadysany prokuratura hasaba alypdy. Şol gün türk häkimiýetleri onuň baş pena soraýan arzasyny kabul etdiler we oňa henize çenli garalmady diýip ynsan hukuklary toparlary habar berýärler.

18-nji ýanwarda “Memorial” merkezi Dädebaýewiň 2016-njy ýyl wakalaryny, ýagny,onuň daşary ýurtlarda işlemegi üçin Özbegistanyň ýörite gulluklarynyň “hakyna tutmaga” synanyşyklary barada ýatlamalaryny çap etmäge başlady.

Dädebaýewiň Stambuldaky tanyşlary onuň 11-nji ýanwardan başlap aragatnaşyga çykmandygyny aýdýarlar.Onuň telefony petikli we sosial ulgamlardaky hasaplary täzelenmedi.

Aktiwist “Memorial”bilen ahyrky gezek 10-njy ýanwarda habarlaşyp, öz ýatlamalarynyň taslamasy babatda käbir faktlary anyklaşdyrypdy. Şol gün günortandan soňra Dädebaýew öz aklawjysy bilen habarlaşmaga çalyşypdyr.

Aklawjy Awdulhalim Ýylmazyň habaryna görä, 12-nji ýanwarda gowşan maglumatlara görä, aktiwist Özbegistana zor bilen ýollanypdyr. Wakanyň jikme-jikleri anyklaşdyrylýar. Mundan öň Türkiýäniň kazyýeti Jumamyrat Dädebaýewiň Özbegistana deportasiýasyny gadagan edýän karar çykarypdy we bu karar entek hereket edýär diýip aklawjy belleýär.

Garagalpagystanly oppozisiýa wekilleriniň sözlerine görä, olaryň Özbegistandaky wekilleri bikanun iberilen aktiwistiň ykbaly bilen gyzyklanar diýip adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” we “Memorial” merkezi ýazýar.The post Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞ WASPÇYLARY
Türkmenistan gazetinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi