Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi

Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi

Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistine mejbury ýagdaýda watanyna ýollanmak howpy abanýar. Türk häkimiýetleri aktiwistleriň işlerine “milli howpsuzlygyň meselesi”hökmünde garaýar diýip 31-nji ýanwarda “Türkmen Helsinki fondy” (THF) habar berdi.

Geçen hepde THF-i türk polisiýasynyň gizlin resminamasyny aldy. Onda Türkmenistanly 25 aktiwist barada maglumat bar. Olara tutulyp, mejbury ýagdaýda watanyna ýollanmak howpy abanýar. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, aktiwistler Aşgabadyň talaby bilen sanawa goşulypdyr.

Bu sanawda olaryň atlary,kakasynyň, atasynyň atlary, doglan senesi,pasportlarynyň we türkiýede daşary ýurtlylara berilýän ýaşaýyş rugsady şahadatnamasynyň sanlary görkezilse-de, sene hem gol ýa möhür ýok.

Geçen güýzde tutulan we sorag edilen iki türkmen aktiwistine hem dört aklawja biri-birinden habarsyz şol sanawy görmek başardypdy.

Emma, polisiýa onuň nusgasyny almaga rugsat bermändi.Polisiýanyň wekilleri şol sanawyň haýsy edaradan gowşandygyny habar bermekden boýun gaçyrypdylar.

Mundan öň Türkiýedäki raýat jemgyýetine diňe hamana, diplomatlaryň howpsuzlygyna wehim salýan, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň ýollan 13 aktiwistiň sanawy bellidi.Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň 11 raýatynyň atlary polisiýanyň täze sanawynda bar. (“25-lik sanawda” 2021-nji ýylyň sentiýabrynda Türkiýä girmäge rugsat edilmedik Fransiýada ýaşaýan opposiýoner Myrat Gurbanowyň, geçen ýanwarda Özbegistana zor bilen alynyp gidilen Jumamyrat Dädebaýewiň hem atlary bar).

Sanawdakylaryň dördüsi geçen ýylyň güýzünde eýýäm, deportasiýa merkezine ýerleşdirilipdi. Olaryň birisi Dürsoltan Taganowany 3 günläp merkezde sakladylar, hatda,ol bireýýäm, Türkiýeden baş pena sorapdy.

Wepa Orazmuhammedow 2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda tutuldy we onuň deportasiýa merkezleriň birinde saklanmagy dowam edýär. Onuň işi bilen aklawjy Awdulhalim Ýylmaz meşgullanýar.

Türk häkimiýetleriniň türkmen rejimini asuda tankytlaýjylaryň käbirine ýagdaýlar Türkiýäniň howpsuzlygyna wehim salýan G-87 kodyny goýmagy we 5 ýyllap ýurda girmegi gadagan etmegi (ony iki gezek uzaltmak mümkin) we beýleki raýat hukuklarynyň çäklendirmegi aladalandyrýar.

Türk aklawjylarynyň berýän bahasyna görä,bu kodyň ulanylmagyna garşy arza bermek şansy örän pes.

G-87 kody Wepa Orazmuhamedow bilen birlikde Garagalpagystanly türkmen aktiwisti Jumamyrat Dädebaýewiň işinde hem geçýär.

Türkmen aktiwistleriniň sanawy:

1.Abulow Kamil, 1986 d.ý.

2.Allalyýew Bayram, 1987 d.ý.

3.Annaýew Döwran, 1985 d.ý.

4.Annaýew Nurmuhammet, 1981 d.ý.

5.Altyýeva Narjemal, 1968 d.ý.

6.Gaýypow Halnazar, 1992 d.ý.

7.Goçyýewa Hemragül, 1982 d.ý.

8.Joraýew Merdan, 1985 d.ý.

9.Yslamow Kerim, 1990 d.ý.

10.Gurbandurdyýew Rozymyrat, 1966 d.ý.

11.Mämmedow Aziz, 1992 d.ý.

12.Matýusupova Nargiza, 1990 d.ý.

13.Meýmankulyýew Ferhat, 1992 d.ý.

14.Muhammedow Merdan, 1990 d.ý.

15.Оrazkulyýew Gowşut, 1991 d.ý.

16.Orazmuhammedow Wepa, 1992 d.ý.

17.Rasulowa Hanum, 1990 d.ý.

18.Rahmanow Ahmet, 1974 d.ý.

19.Salyhova Enejan, 1972 d.ý.

20.Setdarowa Patma, 1957 d.ý.

21.Taganowa Dürsoltan, 1991 d.ý.

22.Taýyrow Atabek, 1987 d.ý.

23.Täçnazarow Gadam, 1987 d.ý.

24.Haýytbaýew Azat, 1990 d.ý.

25.Hojanepesow Serdar, 1975 d.ý.The post Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda