DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞ WASPÇYLARY

DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞ WASPÇYLARY

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistan gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp yglan edilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Milli Liderimiz: Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir.Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir diýip nygtaýar.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen atly döredijilik bäsleşigi hem ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinini açmak maksady bilen guraldy.

Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Şunlukda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen desgalaryň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky ornuny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, täzeçil garaýyşlarynyň ähmiýetini, olaryň many-mazmunyny, gazanylýan üstünlikleri anyk mysallar arkaly açyp görkezýän makalalardyr oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň jemi 122-si hasaba alyndy.

Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, olaryň many-mazmunyna we çeperçiligine baha berdiler.Olaryň arasyndan iň mynasyplary bolsa bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.Netijede, eminler topary şu aşakdakylary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etdi: Mätgurban Mätgurbanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. (Baş baýrak).

Aýsenem Gurbanowa, “Watan” gazetiniň bölüm müdiri; Şähribossan Öwezowa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň bölüm müdiri; Aýparça Akymowa, “Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy; Döwletnazar Işangulyýew, “Daşoguz habarlary” gazetiniň öz habarçysy; Jahantäç Öwezowa, “Biznes reklama” gazetiniň öz habarçysy; Şamyrat Muhammetgurbanow, žurnalist; Maksatmyrat Çaryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby; Gurbanmyrat Saryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby; Toýly Muhammetdurdyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby; Aýlar Atajykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby; Gurban Myradow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri; Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist; Döwran Karajaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy; Jumamyrat Gutlyýew, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň býujeti jemleýji bölümçesiniň esasy hünärmeni; Seýran Seýitmämmedow, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy; Saparnepes Atabaýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy; Kakajan Çaryýarow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy; Guwanç Mämiýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy; Ogulnur Pirjikowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby; Gülşöhle Rejebowa, Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan gazetinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary